Sepleriň elýeterliligi

Metbugat durmuşyň aýnasy bolmaly


Ýazgulyýew: "Türkmen mediasynyň bir tarapdan ilhalar bolmagy aýdylýar, ikinji tarapdan bolsa “Beýik galkynyşy” wasp etmeklik talap edilýär. Bu iki talap bütinleý biri-birine garşydyr".

Ýazgulyýew: "Türkmen mediasynyň bir tarapdan ilhalar bolmagy aýdylýar, ikinji tarapdan bolsa “Beýik galkynyşy” wasp etmeklik talap edilýär. Bu iki talap bütinleý biri-birine garşydyr".

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýaňy-ýakynda geçen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen mediasyna nobatdaky nägileligini bildirdi.

Döwlet baştutany çap edilýän materiallaryň gowşakdygyny belläp, her bir žurnalistiň öz beýan edýän temasyna belet bolup ýazmalydygyny aýdyp, "Her kim başarýan işini etmeli" diýip, bu ugra serenjam berýän ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Goýberilen kemçilik üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Ý.Ýazlyýewe prezident berk käýinç yglan etdi.

Eger-de şu käýinçden çen tutsaň, soňky döwürde türkmen mediasynda çap edilen materiallarda ýa haýsydyr bir görkezilen sýužetde gizlin döwlet syryna degişli maglumat paş edilipdir diýip çaklasa bolar, çünki Metbugat hem beýleki habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak boýunça komitet kanun boýunça türkmen mediasynda diňe döwlet syrlarynyň paş edilmezligine gözegçilik etmeli.

Netije

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezidentiň türkmen mediasynyň materiallarynyň hiliniň gowşakdygy hakyndaky gürrüňlerinden netije çykaranyňda bolsa, döwlet ýolbaşçylarynyň göwnünden turmadyk haýsydyr bir materialyň çap edilendigini aňsa bolýar.

Çap edilýän materiallaryň, telewideniýede görkezilýän sýužetleriň many-mazmunyna ilkinji nobatda awtor jogap bermeli. Her bir mediadaky materiallaryň hili üçin bolsa onuň ýolbaşçysy jogapkärçilik çekmeli.

Hatda türkmen mediasynda çap edilen materiallarda döwlet syrlaryna degişli gizlin maglumat çap ediläýende hem ilkinji jogapkärçilik onuň awtoryna hem metbugatyň ýolbaşçysyna düşmeli. Bu kadadan çykylyp, çap edilýän materiallaryň hiliniň gowşakdygy üçin Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň ýolbaşçysyna käýinç yglan edilmegi geljekde türkmen mediasyna döwlet gözegçiliginiň has güýçlenjekdigini alamatlandyrýar.

Hakykatda, halk içinde "senzura" diýlip atlandyrylýan, döwlet syrlaryny gormak boýunça komitet türkmen mediasynda çap edilýän materiallaryň, görkezilýän sýužetleriň hemmesini elekden geçirýär. Metbugata gidip barýan materiallardan, efirden çala kesä çekiler diýlip pikir edilen sözlemler, jümleler hakynda gürrüň ýok, sözlerem aýrylýar, gerek bolsa materiallar metbugatdanam, efirdenem iň soňky pursatda hem zyňlyp taşlanýar.

"Gülala-güllük"

Mahlasy, türkmeniň "gülala-güllük" durmuşda ýaşaýandygyny mahabatlandyrmagy türkmen mediasyna baş wezipe edilip goýuldy. Şonuň üçinem türkmen mediasy ýurdumyzyň hakyky ýagdaýyny däl-de, döwlet ýolbaşçylarynyň halky abadan ýaşatmakdaky hyýaly isleglerini beýan edýän propagandistik gurala öwrüldi.

Emma döwlet baştutanynyň türkmen mediasyna yzygider nägileligini bildirmegi hökümetiň medianyň propagandasyndan ýeterlik hoşal däldigini görkezýär. Halk içinde, esasan, okalmaýan, diňlenmeýän türkmen mediasynyň bir tarapdan ilhalar bolmagy aýdylýar, ikinji tarapdan bolsa "Beýik galkynyşy" wasp etmeklik talap edilýär. Bu iki talap bütinleý biri-birine garşydyr.

Şonuň üçinem häkimiýet başynda oturanlar ilki bilen türkmen mediasyndan näme islenýändigini aýyl-saýyl etmeli. Ýöne bir zat welin belli: bir adamyň buýrugy ýa islegi bilen türkmen mediasyny ilhalar edip bolmaz. Türkmen mediasynyň ilhalar bolmagy üçin döwlet metbugata gözegçiligini bes etmeli, metbugat azatlygyna giň ýol açmaga şert döretmeli, iň esasy hem metbugatyň durmuşyň aýnasydygy ykrar edilmelidir. Ine, şonda türkmen mediasyndaky hili pes materiallar üçin aýratyn bir ýolbaşça käýinç yglan etmek geregem bolmaz.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG