Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk ýetmezçiligi Gyrgyzystana howp salýar


Gyrgyzystanda bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň 14%-niň ösüşi örän gowşak, ýurduň käbir regionlarynda bu görkeziji 20%-e ýetýär.
Gyrgyzystanda bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň 14%-niň ösüşi örän gowşak, ýurduň käbir regionlarynda bu görkeziji 20%-e ýetýär.
Gyrgyzystanda adamlaryň erbet iýmitlenmegi öz ýaramaz netijelerini görkezip başlady. Bu ýagdaý bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasyndaky her dördünji ölüme sebäp bolýar. Garyplyk, bilim we medisina hyzmatlaryndaky kemçilikleri, azyk ýetmezçiligi we maliýe krizisiniň ýetirýän erbet täsiri ýurtda uly problemalary döredýär.

Gyrgyzystanly ene Çynar Mamatbekowa özüniň 9 çagasyny zordan iýmitlendirýänligini gürrüň berdi: “Bu hakykatdanam örän kyn. Etiň her kilosynyň näçä durýanlygyny bir görüň. Meniňkä meňzeş maşgalalarda et seýrek iýilýär. Biziň saçagymyzda witaminler hem köp däl. Biz esasan tüwi bilen makaron iýýäris. Garaz, tapanjamyz bilen eklenýäris”.

ÝUNISEF çagalar fondy bilen Bütindünýä bankynyň ýakynda bilelikde ýaýradan hasabatynda Gyrgyzystanda bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasyndaky ölüm wakalarynyň 22%-niň ýaramaz iýmitlenmekden gelip çykýanlygy aýdyldy. Şeýlelikde Çynar Mamatbekowyň we onuň maşgalasynyň aladalanmagyna esas bar.

ÝUNISEF-iň hasabatynda bellenmegine görä, çagalar ömrüniň ilkinji ýyllarynda gowy iýmitlenmeseler, bu olaryň aň-düşünje taýdan ösüşini hem saklaýar. Gyrgyzystanda bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň 14%-niň ösüşi örän gowşak, ýurduň käbir regionlarynda bu görkeziji 20%-e ýetýär.

Gyzjagaz BMG-niň Bütindünýä azyk programmasynyň ýerli edarasyndan azyk alýar, Oş, 2010-njy ýyl.
ÝUNISEF-iň hasabatynyň awtory we Bütindünýä bankynyň medisina boýunça baş hünärmeni Tamer Rabiýeniň sözlerine görä, ýaramaz iýmitlenmek problemasy Gyrgyzystanyň oba ýerlerinde has ýiti duýulýar. Oba ýerlerinde gowşak ösüşli çagalaryň sany 15,7% bolan bolsa, şäherlerde bu dereje 10,8%-e ýetýär.

Ýeterlik derejede iýmitlenmezlik problemasynyň ýurda ýylda 32 million dollar möçberde zyýan ýetirýänligi hem hasabatda bellenýär. 4,5 million dollarlyk ýitgä adamlaryň ölümi bilen işçi güýjüniň azalmagy sebäp bolýar. Galan zyýanyň möçberi adamlaryň pes derejede iýmitlenmegi zerarly olaryň işe bolan ukybynyň peselmeginden gelip çykýar.

Rabiýeniň sözlerine görä, ozalam ilatyň ýeterlik derejede iýmitlenmezlik problemasy 2008-nji ýylda maliýe krisizinden soň hasam agyrlaşypdyr. Şol ýylyň aýagyna çenli ýurtda azyk önümleriniň bahasy 30% ýokarlanypdy. Şol döwürden bäri ýurduň ilaty ýokumly we ýagly iýmit bilen has az iýmitlenýär.

Rabiýe ýod defisitiniň hem milletiň saglygyna uly zyýan ýetirýänligini, munuň beýniniň ösüşine zeper ýetirýänligini belleýär. Ýod ýetmezçiligi problemasyny duzy ýodlaşdyrmak arkaly aradan aýryp bolýar. Şol sebäpli, Bütindünýä Banky Gyrgyzystanyň hökümetine duzda ýoduň derejesini barlamak boýunça ýörite çäreleri teklip etdi.

ÝUNISEF-iň hasabatynyň ýene bir awtory Rajae Msefer Berrada bäş Merkezi Aziýa döwletinden Täjigistandaky ýagdaýyň Gyrgyzystanyňkydan has erbetdigini aýdýar. Emma ol beýleki ýurtlardaky ýagdaýy jikme-jik öwrenmek üçin ýeterlik maglumatyň ýokdugyny hem belleýär.

Berrada Gyrgyzystanda bilim ugrundaky ösüşiň pesligini hem çagalaryň pes iýmitlenmegi bilen baglanyşdyrýar. Ol pes iýmitlenmegiň çagalaryň mekdepde okamagyna hem erbet täsir ýetirýänligini aýdýar.

Hasabatda eneleriň göwrelilik döwründe erbet iýmitlenmeginiň we medisina kömeginden zerur derejede peýdalanmazlygynyň çagalaryň dogabitdi şikesli dogulmagyna hem sebäp bolýanlygy nygtalýar. Bu ýagdaý çagalaryň infeksion ýokanç kesellere uçramak howpuny hem güýçlendirýär.
XS
SM
MD
LG