Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň premýeri Putin Amerikany “global ykdysadyýetdäki parazit” diýip atlandyrdy


Putin kremlçi toparlaryň Seliger kölüniň ýakasyndaky lagerinde, 1-nji awgust.
Putin kremlçi toparlaryň Seliger kölüniň ýakasyndaky lagerinde, 1-nji awgust.
Orsýetiň premýer-ministr Wladimir Putin duşenbe güni Orsýetiň ýaş aktiwistleriniň öňünde eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň dünýä ykdysadyýetine ýapyşan bir parazit ýaly hereket edýändigini aýtdy.

Amerikan Kongresinde ýurduň bergi çägini ýokarlandyrmak barada ses berişlige taýýarlyk görlüp ýörkä “Naşi” we “Ýaş Gwardiýa” ýaly Kremliň tarapyny çalýan toparlaryň Seliger kölüniň ýakasyndaky lagerinde Putin şeýle diýdi: “Ýurt berginiň içinde ýaşaýar. Dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetleriniň biri üçin bu gaty erbet zat. Bu olaryň öz ýagdaýlaryna görä ýaşaman, problemalarynyň ýüküniň birnäçesini tutuş dünýä ykdysadyýetiniň üstüne ýükleýändigini aňladýar. Olar belli bir derejede global ykdysadyýete we özleriniň dollar monopoliýasyna ýapyşan parazitler”.

Putin ençeme ýyl bäri prowokasiýaly, köplenç hem Günbatara garşy gönükdirilen beýanatlary bilen tanalýan adam. Bu beýanatlar ors saýlawçylarynyň milletçi böleginiň göwnünden turmak üçin berilýär. Mysal üçin, üstümizdäki ýylyň başlarynda Putin: “NATO-nyň Liwiýadaky harby operasiýalaryndan maksat Demirgazyk Afrikanyň energiýa baý bu ýurdunyň nebit rezewlerine kontrollyk etmek” diýdi.

Her ýerde bir hili

Prezident Barak Obama Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşygy gowulandyrmaga synanyşaly bäri Putiniň Günbatara garşy äheňleri gowşady. Moskwanyň Karnegi merkeziniň analizçisi Maşa Lipmanyň pikiriçe, Putiniň bu beýanaty täze ýa bir adatdan daşary zat däl. Ol Putiniň öz auditoriýasynyň göwnünden turaýjak zatlary tapmaga gaty ökdedigini aýdýar.

“Men munda bir geň zat göremok. Putin bir topar adama bir zat, başga bir topara hem başga zat aýtmaga gaty ökde” diýip, Lipman belleýär.

“Naşi” we “Ýaş Gwardiýa” ýaly kremlçi toparlarda milletçilikli, Günbatara garşy meýiller ýok däl. Mysal üçin, aktiwistler Putin bilen bolan bu duşuşykda oňa “amerikanlaryň 1969-njy ýylda aýda gonmagy sahnalaşdyrylan zatmy?”, “2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjümlerini amala aşyran amerikan häkimiýetlerini özümi?” diýen ýaly soraglary berdiler.

Putin birçak ynamdan gaçan bu teoriýalaryň ikisini-de ret etdi. Ýöne ol bu pursatdan peýdalanyp, Birleşen Ştatlaryň ykdysady syýasatyny ýiti tankyt astyna aldy.

Kampaniýamy?

Putiniň beýanatyndan soň “Ýaş Orsýetiň” 50 aktiwisti bergi çäginiň ýokarlandyrylmagyna protest hökmünde özleriniň Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasynyň öňüne ýygnanjakdyklaryny aýtdylar. “Ýaş Orsýetiň” bir sözçüsi Azatlyk Radiosyna protestiň “tehniki sebäplere” görä yza süýşürilendigini aýtdy. Ýöne ol protestiň gurnalmagynyň mümkindigini tassyklady.

Synçylaryň käbiri Putiniň dekabrda geçjek Döwlet Dumasynyň saýlawlaryna taýýarlyk görüp, häzirden açyk kampaniýa başlandygyny aýdýarlar. Moskwada 2012-nji ýylda geçmeli prezidentlik saýlawlaryndan soň, onuň Kremle dolanmagy planlaşdyrýanlygy barada gürrüň edilýär. Ýöne Lipman Putin eýýäm bu kampaniýada diýilýän pikire goşulanok.

“Orsýetde demokratiýa bilen baglanyşykly her bir zat barada bolşy ýaly, agzalýan kampaniýa hem gaty dykgatly garamaly. Bu zatlar demokratik ýurtlardaky bilen deň zatlar däl. Ýurtda hemmeden köp halanýan syýasatçyka, oňa kampaniýa nämä gerek? Onuň bu ýerde gazanjak bolýany saýlawçy däl. Ol belli bir derejede saýlawyň pikirinde. Ýöne bu ýerde arzuw edilýän ýaş auditoriýanyň göwnünden turmak däl. Ol ýurduň elitasyna özüniň bardygyny, aktiwdigini, hemme zada erk edýändigini, adamlary özüne çekýändigini görkezýär” diýip, Lipman aýdýar.
XS
SM
MD
LG