Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Liwiýa diplomatik gatnaşyklary dikeldilýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Liwiýanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň işini gaýtadan dikeltmek üçin zerur bolan çäreleriň amala aşyrylýandygyny mälim etdi.

Indi bu ýurduň diplomatik missiýasyna Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň ýolbaşçylyk etjekdigi habar berilýär.

Şu ýylyň iýul aýynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy Muammar Kaddafiniň režimine garşy göreşýan Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini resmi taýdan ykrar edipdi.

ABŞ Liwiýanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň açylmagy bilen gozgalaňçylara Kaddafiniň bank hasaplarynda doňdurylan 13 million dollar möçberindäki serişdeleri bermäge taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG