Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaponiýa ejir çeken ilatyna kompensasiýa tölär


Ýaponiýanyň parlamenti Fukusima ýadro elekrik stansiýasynda bolan awariýadan ejir çekenleriň öwezini doldurmak maksady bilen kompensasiýa tölemek boýunça plany tassyklady.

Bu plana laýyklykda, ilata zerur bolan tölegleri diňe Tokionyň elektrik kompaniýasy däl-de, beýleki guramalar hem tölärler.

Häzir ilata kompensasiýa tölemek üçin Ýaponiýada ýörite fonduň döredilýändigi, oňa atom elektrik stansiýalarynyň garamagyndaky edaralar tarapyndan ýylda belli möçberde serişde geçiriljekdigi habar berilýär.

Tokionyň elektrik kompaniýasy tarapyndan ilata tölenjek kompensasiýanyň möçberi ýüz milliard dollara barabar bolar diýlip çaklanýar.
XS
SM
MD
LG