Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýedi ýarym müň ekstremistik saýt bar


Orsýetiň içeri işler ministriniň aýtmagyna görä, ýurtda ýedi ýarym müňe golaý ekstremistik meýilli internet saýty hereket edýär.

Bu barada Raşid Nurgaliýew Habarowskide ekstremizime garşy göreş boýunça edarara kommisiýasynyň maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Ministriň aýtmagyna görä, käbir halatlarda internet saýtlary köpçülikleýin habar serişdelerine deňelýär. Bu bolsa olaryň işini çäklendirmäge mümkinçilik döreder diýip, Orsýetiň içeri işler ministri nygtady.

Şeýle hem ol metbugat wekillerini ektremizime garşy göreşe goşant goşmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG