Sepleriň elýeterliligi

Biržalarda esasy aksiýalaryň bahasy pese gaçdy


3-nji awgustda Birleşen Ştatlardaky ykdysady ýagdaý bilen bagly dünýäniň fond biržalarynda esasy aksiýalaryň bahasy pese gaçdy.

2-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hökümetiň bergi çägini ýokarlandyrýan kanun taslamasyna gol çekdi. Bu kanun Birleşen Ştatlarda dörejek ykdysady batyşyň öňüni aldy.

Emma, muňa gazamazdan, maýa goýujylaryň köpüsi dünýäniň iň ösen ykdysadyýetinde ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmak ähtimallygyndan howatyrlanýarlar.

Dünýaniň dürli ýurtlarynyň ykdysadyýetine baha berýän “Moody’s” gullugy ABŞ-nyň ýokary reýtingini tassyklady. Emma bu gulluk ABŞ-nyň inwestision perspektiwasyna negatiw baha berdi.
XS
SM
MD
LG