Sepleriň elýeterliligi

Täjik çagalaryna metjide barmak gadagan edildi


Täjigistanda “Çagalaryň terbiýesi üçin jogapkärçiligi berkitmek” babatdaky kanun kabul edildi.

Bu kanuna laýyklykda, 18 ýaşa ýetmedik çagalara metjide gatnamak we dini guramalara agza bolmak gadagan edilýär.

3-nji awgustda Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon, hukuk goraýjy aktiwistleriň we Täjigistanyň Yslam dikeldiş partiýasynyň bu kanuna garşy bolmagyna garamazdan, kanuna gol çekdi.

Resmi Duşenbe bu kanunyň ýurduň dünýewi gymmatlyklaryny goldap, ýetişip gelýän nesli yslam radikallygyndan we ekstremizimden goramak niýeti bilen kabul edilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG