Sepleriň elýeterliligi

Siriýada Hama şäherine garşy hüjümler güýjeýär


Siriýanyň hökümet güýçleri Hama şaherinde hökümete garşy demonstrasiýalara çykan protestçilere garşy hüjümlerini artdyrýarlar.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, şäher oka tutulyp, onuň merkezinde hökümetiň tanklary ýerleşdirilipdir.

Siriýanyň hökümet goşunlarynyň Hama şäherindäki protestçilere garşy amala aşyran hüjümi halkara jemgyýetçiliginde berk ýazgaryldy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi sişenbe güni Siriýadaky gandöküşlik boýunça maslahatyny dowam etdirdi, ýöne oňa gatnaşyjylar rezolusiýa babatda bir ylalaşyga gelip bilmediler.

Bäş aý mundan ozal Siriýada hökümete garşy protestler başlaly bäri, bu ýerde 1,800-e golaý adamyň heläk bolandygy çaklanýar.
XS
SM
MD
LG