Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud edilýän Mubarek özüniň bigünädigini aýdýar


3-nji awgustda Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarek Kairde özüne garşy geçirilen sud prosesine gatnaşdy. Ol sudda eden çykyşynda özüne garşy ýöňkelýän hemme aýyplamalary ret etdi.

83 ýaly Mubarek korrupsiýada we fewral gozgalaňynda protestçileri öldürmäge buýruk bermekde aýyplanýar. Onuň ölüm jezasyna höküm edilmeginiň hem mümkindigi habar berilýär.

Bu sud seljerişligi Mubarekden başga onuň iki ogluna, ozalky içeri işler ministri Habib el-Adla, ozalky ýokary derejeli polisiýa ofiserleriniň altysyna garşy geçirilýär.

Mubaregiň ogullary Gamal we Alaa hem özlerine ýüklenýän aýyplamalary ret etdiler.
XS
SM
MD
LG