Sepleriň elýeterliligi

Tomusky dynç alyş döwri Esenguly, Priçal, ozalky Çeleken - häzirki Hazar şäherçesiniň deňiz kenarlary türkmenistanlylaryň dynç almaga, saglyklaryny dikeltmäge köp barýan ýerleriniň birine öwrüldi.

“Awazada” ozalky bar bolan hususy daçalaryň ýykylyp aýrylmagy bilen, dynç almagyň gymmaty hem artdy. “Soňky 3-4 ýylda ilatyň iň bir köp barýan ýeri Hazar şäherçesi” diýip, Mary welaýatyndan bu ýere dynç almaga gelen kärendeçi Şirin aýdýar.

Şirin her ýylda 40-a golaý adam bolup, “Turist” awtobusynda, bir hepde, on günlük bu ýere ýörite dynç almaga gelýändiklerini aýdyp, ozalky ýyllarda Hazar şäherçesiniň çäginde deňiz kenarynyň, hiç bir gözegçiliksiz bolandygyny, ýandaga, çöp-çalama basdyrylan kenara çagalaryň däl, ulularyň hem arkaýyn baryp bilmändiklerini ýatlaýar.

“Mundan 12-15 ýyl ozal deňiz suwunyň derejesiniň ýokary galmagy bilen, kenarda bar bolan kafedir restoranlary, sport desgalaryny suw basyp, olaryň beton fundamentleri suwuň içinde galypdyr. Olar şu güne çenli hem suwa düşýänleriň aýaklaryna degip, birahatlyk döredýär” diýip, Şirin aýdýar.

Emma şäherçäniň häkimliginiň tagallasy bilen, bu ýyl kenaryň çöp-çalamy göwnejaý arassalanyp, deňziň kenary buldozerleriň kömegi bilen tekizlenip, tertibe salnypdyr. Bu bolsa dynç alýanlara kenarda arkaýyn oturyp, suwa düşünmäge uly ýardam bolupdyr.

Kenaryň günbatar böleginde “Dragon Oil” kompaniýasy tarapyndan ýörite suwa düşülýän plýaž döredilipdir. Dynç almaga gelýänleriň agramly bölegi ol ýerde suwa düşünýärler. Dynç almaga gelýänleriň sany juda köp bolansoň, kenaryň ähli ýerinde hem adamlar ýeterlik.

Hazar şäherçesiniň deňiz kenarlarynda, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Hazar şäherçesiniň deňiz kenarynda esasan Balkan welaýatynyň nebit-gaz edara-kärhanalarynyň dynç alyş öýleri ýerleşýär. Ol ýere edara-kärhanalaryň hasabyna ýeňillikli ýollamalar bilen işgärler dynç almaga gelýärler. Şeýle dynç alyş öýleriniň ýatak jaýlary kiçi göwrümli bolup, olaryň aglaba bölegi wagon jaýlardan ybarat.

Kenarda birlän-ikilän “Gyrmyzy Ýelken” ýaly hususy kafeler hem peýda bolup başlapdyr. Şeýle kafelere serenjam berlişi hem göwnejaý, olaryň ilata edýän hyzmatlarynyň hili hem oňat diýip, Şirin aýdýar.

“Emma köp wagtyňy kenarda geçiräýmeseň, elektrik togunyň pesligi sebäpli sowadyjy enjamlary işlemeýän wagon jaýlarda ýatyp ukyňy, oturyp dynjyňy alyp bolmaýar, yssy howada şular ýaly ýatak jaýlary has hem gyzgyn bolýar” diýip, Şirin aýdýar.

Şäherde kireýine berilýän jaýlar az däl. Emma olaryň nyrhlary bir gije-gündiz üçin adam başyna 30 manatdan, bu nyrh bolsa köpler üçin amatly däl. Şular ýaly nyrhlar bilen kireýine berilýän otaglara 6-8 adama çenli ýerleşdirilýär.

Hazar şäherçesiniň agyz suw üpjünçiliginiň ýyl-ýyldan ýaramazlaşmagy bilen, ýerli ýaşaýjylar hem, dynç alýanlar hem tomus möwsümi örän kösenýärler. 19-21-nji iýul aralygynda Balkan welaýatyny suw bilen üpjün edýän ozalky Gazanjyk, häzirki Bereket etrabyndan barýan suw prowodynyň ýarylmagy bilen, tutuş welaýatda, şol sanda Hazar şäherçesinde hem üç gije-gündiz agyz suwy bolmady.

Uzak welaýatlardan ýörite awtobus tutup bu ýere dynç almaga gelýänler, hiç bir amatlygy bolmadyk darajyk jaýlarda ýaşanlaryndan, münüp gelen awtobuslarynyň içinde ýa kölegesinde günlerini geçirenlerini gowy görýärler, bu bolsa kenarda zir-zibiliň artmagyna getirýär.

“Dürli ölçegdäki plastmassa gaplar, çüýşe gaplar, gök önümleriň galyndylary kenarda çaşyp ýatyr. Kenara gözegçilik edýän işgärlerem ýok, kenarda edara jaýy ýerleşýän sanepidstansiýanyň işgärleri hem bu ýeriniň arassaçylygy bilen gyzyklanmaýarlar” diýip, Şirin aýdýar.

Infrastruktura we transport

Aşgabat-Hazar aralygyna gatnaýan ýolagçy awtobusy bu ýyl ýatyrylypdyr. Hazar-Balkanabat aralygyna gatnaýan awtobuslara ozal 3 gün öňünden bilet satylyp başlanýardy. Ýolagçylar öňünden bilet satyn alyp, awtobuslaryň ugrajak wagty arkaýyn öz ýerlerini eýeleýärdiler. Indi ýol nyrhyny sürüjiniň özi ýygnap alýar. Awtobus ugraýan duralgasyna gelip duran wagty, ýolagçylar ýerli-erden basalaşyp, awtobusa öňürti münüp, ýer almaga çalyşýarlar.

Hususy taksileriň nyrhy Hazardan Balkanabat aralygyna çenli 15 manat bolandan soň, her kim ýol kireýini amatlyrak etjek bolup, awtobusa garşy ylgaýar, ýol kireýi 4 manada durýan awtobusyň içinde bolsa ýer-jaý tapdyrman, adamlar Hazardan Balkanabada çenli 120 kilometr aralygy aýak üstünde durup, ýol aşýarlar. Şular ýaly ýagdaýda hem ýolagçylar ýol kireýini doly tölemeli bolýarlar. Awtobus gün içinde 2 sapar gatnaýar.

Şiriniň aýtmagyna görä, Hazar şäherçesiniň deňiz kenary döwlet tarapyndan üns berilmegine örän mätäç: “Awazadaky ýaly gymmat bahaly myhmanhanalardan däl-de, 2-3 gatly ähli amatlyklary bolan dynç alyş öýlerini gurup, ýönekeý halka elýeter bahadan dynç almaga mümkinçilik döretseler juda gowy bolardy”.

Islendik ýerli ýaşaýjy bilen söhbetdeş bolsaň, şäherçäniň elektrik togy bilen işleýän enjamlarynyň hatardan çykýandygyndan, 50 ýyl mundan ozal gurlan transformatorlaryň, elektrik liniýalarynyň diňe tomus däl, eýsem, ýylyň beýleki pasyllarynda hem güzap baryny berýändiginden zeýrenýärler. Şeýle-de 50 ýyl mundan ozal gurlan Balkanabat — Hazar magistral ýoly örän ýaramaz. Suw prowodlaryndan gelýän suw hem wagtly-wagtynda akdyrylmaýar.

“Biziň ýurdumyzda islendik gowy başlangyjyň soňra ýaramazlaşýar. Awtoulag gatnawynyň ýaramazlaşmagy ylalaşyp bolmajak ýagdaý, ilatyň oňat dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegine umyt baglaýarys. Ähli ünsi “Awaza” berip, Hazaryň jana şypa berýän deňiz kenaryny unutmak bolmaz” diýip, Şirin nygtaýar.

Şäherçäni gök we bakja önümleri, miweler, süýt-gatyk we beýleki azyk önümleri bilen welaýatlardan gelýän telekeçiler üpjün edýärler.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG