Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO-nyň üç esgeri öldürildi


NATO Owganystanda üç esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Koalisiýa ol esgerleriň ikisiniň günorta Owganystanda ýol ýakasynda gömlen bombanyň partlamasyndan wepat bolandygyny aýtdy.

Üçünji esger gündogar Owganystanda, söweşe dahylsyz hadysada wepat bolupdyr.

“Assoşeýted presiň” hasaplamalaryna görä, şu ýyl Owganystanda öldürilen daşary ýurtly esgerleriň sany 328-e ýetdi.
XS
SM
MD
LG