Sepleriň elýeterliligi

Eýran parlamenti Kasemini nebit ministrligine tassyk etdi


Eýranyň parlamenti prezident Mahmud Ahmedinejadyň kandidatyny ýurduň nebit ministrligine tassyk etdi.

Mejlisiň ses berişlige gatnaşan 246 agzasyndan 216-sy Rewolýusiýa goragçylarynyň komandiri Rostam Kasemä goldaw sesini berdi.

Kasemi Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmek tagallalary bilen ilteşiklilikde güman edilip, garşysyna halkara sanksiýalary girizilen resmidir. Tähran özüniň ýadro ýaragyny edinmek maksadynyň bardygyny ret edýär.

Kasemi nebit ministrligine dünýäniň bäşinji uly nebit eksportçusy bolan Eýranyň OPEK guramasynyň gezekli başlygy bolýan wagty bellenýär.
XS
SM
MD
LG