Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Norigany ýurduna gaýtaryp berjegini tassyk edýär


Fransuz hökümeti Panamanyň öňki diktatory Manuel Norigany yzyna, uzak wagtlyk türme tussaglygy garaşýan ýurduna iberjegini tassyk etdi.

Daşary işler ministrligi Fransiýada tussaglykda oturan Noriga bu kararyň bildirilendigini aýtdy. Ol pul ýuwmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Noriganyň aklawçysy öz müşderisiniň bu karardan şikaýat etmejegini aýtdy.

Ozalky goşun generaly Noriga 1989-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň Panama girmegi netijesinde iş başyndan agdarylmazyndan ozal bu ýurda alty ýyl ýolbaşçylyk edipdi.

Ol geçen ýyl Fransiýa berilmezinden öň, neşe gaçakçylygy we pul ýuwma sebäpli, Birleşen Ştatlarda 15 ýyl türmede oturypdy.

Panamada oňa ýurda ýolbaşçylyk eden ýyllarynda basgylan adam hukuklary üçin 20 ýyl türme tussaglygy garaşýar.
XS
SM
MD
LG