Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwistleri Ýewrowizionyň öňünden kampaniýa başlaýar


Azerbaýjandaky hukuk toparlarynyň birnäçesi 2012-nji ýylda Bakuwda geçiriljek Ýewrowizion aýdym bäsleşiginiň öňünden ýurtdaky hukuk bozulmalaryndan habardar etmek boýunça kampaniýa başlady.

“Azat däl ýurtdaky azatlyk aýdymlary” atlandyrylan kampaniýa geçen hepde başlandy we hökümetiň syýasy tussag diýilýänleri azat etmegine, metbugat azatlygyny giňeltmegine hem-de demonstrasiýalara girizilen çäklendirmeleri aýyrmagyna çagyrýar.

Hukukçy aktiwist Leýla Ýunus Azatlyk Radiosyna Ýewrowizion bäsleşigine gatnaşyjylaryň ünsüni Azerbaýjanyň adam hukuklary ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna çekmek isleýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG