Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň öňki prezidenti Mubarek aýyplamalary ret edýär


Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarek Kairde başlanan sud seljerişliginde özüne bildirilen ähli aýyplamany ret etdi.

83 ýaşyndaky Mubarek korrupsiýada we öz 30 ýyla golaý dolandyryşyny soňlan fewral gozgalaňy mahalynda protestçileri öldürmek barada dil düwüşmekde aýyplanýar.

Aklawçysy Mubaregiň hassadygyny aýdýar. Eger ol protestçileri öldürmekde günäli tapylsa, ölüm jezasyny almaly.

Onuň ogullary Gamal we Alaa hem özlerine bildirilýän galplyk aýyplamalaryny ret etdiler.

Mubarek, onuň iki ogly, ozalky içeri işler ministri Habib al-Adli we ozalky ýokary derejeli polisiýa ofiserleriniň altysy Kairiň daşyndaky Polisiýa akademiýasynda, berk gorag ýagdaýynda sud edilýär.

Fewralda Mubaregiň işden çekilmegine getiren gozagalaň mahalynda 850 çemesi protestçi öldürildi.
XS
SM
MD
LG