Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýany ýazgarýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýanyň hökümetiniň hökümete garşy protestçileri zor bilen basyp ýatyrmagyny ýazgardy we prezident Başar al-Assadyň režimini adam hukuklaryny gödek bozmakda aýyplady.

Howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni tassyklanan prezidentlik beýanaty “adam hukuklarynyň giň ýaýran görnüşde bozulmagyny we siriýa häkimiýetleri tarapyndan asuda ilatyň garşysyna güýç ulanylmagyny” ýazgarýar hem-de günäkärlerden hasap soralmagyna çagyrýar.
XS
SM
MD
LG