Sepleriň elýeterliligi

Ýerli synçy: “Parasyz çöp başy gymyldamaýar”


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski

Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski

“Ildeşlerimiz hökümetiň korrupsiýa garşy aýgytly göreş alyp barjagyna ynanmaýarlar. Ýöne, özleri-de para bermek bilen, olar parahorlugyň barha möwjemegine tekge berýändikleri barada pikir etmeýärler.”

Geçen aý, has dogrusy 7-nji iýulda bolan Abadan hadysasyndan soň, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birden korrupsiýa barada gürrüň gozgady. Şondan kän wagt geçmänkä-de birnäçe bank işgäri uly mukdarda para almakda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýöne ýerli synçylar türkmen korrupsiýasynyň bäş-on sany bank işgärini türmä basmak bilen azalmajagyny, bu problemanyň örän çuň kök urandygyny aýdýarlar. Olaryň pikirine görä, korrupsiýa esasan ýurduň ýönekeý adamlarynyň, ýokardan arkasyz aýal-gyzlaryň, çagalaryň adam hukuklaryna agyr zarba urýar.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Ýowşan Annagurban bu barada ýerli synçylar, hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew we graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, ozaly siz aýtsaňyz. Siziňçe, häzir ýurtdaky korrupsiýanyň derejesi Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende nähili ýagdaýda?

Aşgabatda ýaşan žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew: Korrupsiýanyň bu iki döwürdäki derejelerini deňeşdirseň, olaryň arasynda wagt taýdan dört essä golaý tapawudyň bardygyna garamazdan, soňkusynda onuň geriminiň artandygyny birnäçe zatdan çaklamak mümkin. Mysal üçin, soňky bäş ýylda gurluşyga goýberilýän serişdäniň has köpelendigini açyk aýtsa bolar. Bilşimiz ýaly, gurluşyk iň bir korrumpirlenen pudak hasaplanýar. Ýokary okuw jaýlaryna, mekdebe çenli çagalar edaralaryna, il içinde aýdylyşy ýaly, gara işe girmek, ýerleşmek üçin berilmeli paranyň hem azyndan dört-bäş esse artandygy-da gizlin däl.

Azatlyk Radiosy: Nurberdi, häzir Türkmenistanda bar diýilýän korrupsiýa hökümetiň garaýşy, çemeleşişi nähili? Bu meselede Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende nähili üýtgeşme görünýär?

Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow
Nurberdi Nurmämmedow: Nyýazow döwründe korrupsiýa barada, aýanlyk derejesinde bolmasa-da, Nyýazowyň bähbitleriniň çäklerinde gürrüň edilýärdi. Şol döwürde korrupsiýa garşy özboluşly bir göreş hem alnyp barylýardy. Parahorlar şol göreşden azda-kände gorkýardylar. Ilat Nyýazowyň agzyndan onuň orunbasarynyň 14 milliard manatlyk para alandygy, ýene bir welaýat häkiminiň 25 milliard manatlyk para alandygy baradaky maglumatlary eşidýärdi, parahorlar jenaýat jogapkärçiligine çekilýärdi. Munuň üstesine, şol wagt halk içinde Nyýazowyň şahsy bank hasaplarynda birnäçe milliard dollarlyk puluň bardygy hakynda hem gürrüň edilýärdi. Korrupsion emlägiň derejesini kesgitleýän maglumatlar bolmasa-da, korrupsiýanyň çenden aşa uludygyny halk öz gündelik durmuşynda-da duýýardy.

Berdimuhamedow prezident bolansoň, ýurtda “gülala-güllük” ideologiýasy başlandy. Onsoň öňden gelýän nogsanlyklara durmuşymyza ýat, bizde ýok zatlar ýaly garaldy we olar barada gürrüň edilmedi. Korrupsiýa hem şolaryň içinde. Bu ýagdaý parahorlarda gorky-ürkiniň ýitirim bolmagyna, korrupsiýanyň öňküden hem beter ösmegine getirdi. Indi “parasyz çöp başy gymyldanok” diýsegem ýalňyş bolmazmyka diýýän. Nyýazow döwlet gurluşynyň ortaky, esasanam ýokary eşelonyna degişli adamlary gowy ulanansoň, korrupsiýada aýyplap, jenaýat jogapkärçiligine çekýärdi. Şeýle etmegiň Nyýazow üçin ikitaraplaýyn peýdasy bardy. Birinjiden-ä ol parahorlary jogapkärçilige çekip, il ýüzüne adalatly hökümdar bolýardy, ikinjidenmem egindeşlerini özüne bakna edýärdi.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, siziňçe, korrupsiýa esasy adam hukuklaryna nähili täsir ýetirýär?

Aşyrguly Baýryýew: Korrupsiýa, elbetde, adamyň syýasy, raýatlyk hukuklaryna we azatlyklaryna ýaramaz täsir edýär. Mysal üçin, Konstitusiýanyň 38-nji maddasynda “döwlet her bir adam üçin öz ukybyna görä hünär biliminiň elýeterli bolmagyny üpjün edýär” diýlip kesgitlenen. Ýöne ýokary okuw jaýlaryna parahorlugyň mäkäm ornaşmagy zerarly raýatlaryň aglabasy bu hukukdan mahrum. Baş kanunda kepillendirilendigine garamazdan, korrupsiýa zerarly raýatlaryň köpüsi öz çeper, ylmy we tehniki döredijiligini erkin alyp baryp bilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Nurberdi, siz korrupsiýa bilen adam hukuklarynyň arasynda nähili baglanyşyk görýärsiňiz?

Nurberdi Nurmämmedow: Korrupsiýa şahsyýeti öz konstitusion hukuklaryny ulanmakdan mahrum edýär. Ol para bermän işe-de girip bilmeýär, okuwa-da, özbaşdagam işläp bilmeýär. Korrupsiýa adam gymmatlyklarynyň çüpremegine getirdi. Indi para almaýanlara, jemgyýetçilik emlägini goraýanlara “arassa, päk adam” diýmeýärler, olara “gulak” diýýärler. Olary döwlet hem goldamaýar. Döwlet para alýanlary, jemgyýetçilik emlägini ogurlaýanlary goraýar. Olar dowletiň daýanjy.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, siz korrupsiýanyň adam hukuklaryna ýetirýän ýaramaz täsiri barada anyk mysallar esasynda gürrüň berip bilmezmisiňiz? Bu ugurda žurnalist derňewini-beýlekini geçirip gördüňizmi?

Aşyrguly Baýryýew: Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda maglumatlaryň hemmesi diýen ýaly ýapyk, garaşsyz žurnalist derňewini alyp barmaga hiç hili mümkinçiligimiz ýok. Onsoň ol ýa-da beýleki ýagdaý barada il içindäki gürrüňlere gulak asmaly bolýarys. “Halk aýtsa, galp aýtmaz” diýipdirler.

Azatlyk Radiosy: Nurberdi, siziň bu meselede aýdyp biljek anyk mysalyňyz barmy?

Nurberdi Nurmämmedow: Garrygalaly Amangelen Şapudakowyň işi hem takdyry aýdylanlara ýeterlik mysal bolup bilermikä diýýärin. Onuň düşen güni maşgala dawasy bilen däl-de, oňa etrap häkiminiň gatnaşygy bilen kesgitlenýär. Döwlet gurluşlary etrap häkimi barada aýdylýan zatlary barlamagyň deregine, bir görseň Amangelen agany urup-enjip ýör, bir görseňem dälihana atýar. Bu ýagdaýlar her kimem oýlandyrman bilmezmikä diýýän. Biziň döwletmiz üçin para alan, ogurlyk eden dürdäne, jemgyýetçilik emlägini goranam däli. Muňa indi adamlaram ynanyp barýana meňzeýär. Ine, şu erbet.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, siziň aýdyşyňyzdan Türkmenistanda giň ýaýran korrupsiýa ýylda mekdebi gutarýan 100 müň çemesi oglan-gyzyň köpüsiniň geljegine böwet basýar. Eýsem ene-atalar bu ýagdaýdan çykalgany nämede görýär? Olar bu barada näme pikir edýärler?

Aşyrguly Baýryýew: Gynansak-da, ene-atalar bu meseläniň çözgüdini çagalaryny okuwa, işe ýerleşdirmek üçin soralýan parany bermekde görýärler. Çagasyny ýokary okuw jaýyna salmak üçin žaýyny, howlusyny satmaga, karza, bergi-borja batmaga çenli baryp ýetýänler hem bar. Gerek mukdardaky para puluny tapyp bilmeýän hossarlar özlerini perzentleriniň öňünde müýnli saýýarlar. Ildeşlerimiz hökümetiň korrupsiýa garşy aýgytly göreş alyp barjagyna ynanmaýarlar. Ýöne, özleri-de para bermek bilen, olar parahorlugyň barha möwjemegine tekge berýändikleri barada pikir etmeýärler. Elbetde, ene-atalar parahorluga garşy göreş boýunça jemgyýetçilik komitetini, guramasyny döredip, şonda birleşseler, belli bir netije gazanyp bilerler. Ýöne häzir “kim köp bermeşek” ýörelgesi ýörgünli.

Azatlyk Radiosy: Nurberdi, bu ýagdaýda türkmen ýaşlarynyň özleriniň edip biljek bir zady barmy? Bu ýagdaýa türkmen intelligensiýasy nähili garaýar?

Nurberdi Nurmämmedow: Ýaňy durmuşa aýak basan ýaşlaryň köpüsinde okuwa ýa işe girmäge pulam ýok, hukugam. Onsoň olar, aýaklanmadyk köşek ýaly, ene-atasynyň yzyna düşmäge mejbur bolýar. Puly bolanyň ýagdaýa düşünýäni çagasyny daşary ýurtlarda okatjak bolýar, galanam çagasyny, gulçulyga beren ýaly edip, ýerli okuw jaýlaryna salýar. Göwnüme bolmasa, şolaryň çagalary biziň durmuşymyza has uýgunlaşan hünärmenler bolup çykýar. Olar hünärinden gorkýarlar diýäýmeseň, geregiçe kütek, geregiçe ýaranjaň, medeni çärelere gatnaşmaga dagy hezil edip gidýärler. Daşary ýurtlarda okanlar bolsa, okan ýerlerinde galaýmaslar, biziň durmuşymyza uýgunlaşyp bilmeýärler. Şonuň üçin olaryň öz ýurdunda hünäri boýunça işläp ýörenine duşmak aňsat däl. Daşy guran intelligensiýa welin, biziň ýurdumyzda entäk ýok öýdýän. Intelligentdir öýdýäniňem örüsi “Zöhre-Tahyrdan” aňryk geçmese, mesele-de meseleligini ýitiräýjek eken. Onsoň “gaýraty bir bolaýmaly eken-dä” diýeniňi duýman galýarysyň.

Azatlyk Radiosy: Görnüşinden, türkmen hökümeti metbugata kontrollugyny gowşatjaga meňzemeýär. Türkmenistanda halk ýa-da halkyň has düşünjeli bölegi hökümetden söz, metbugat azatlygyny, syýasy azatlyklary talap etmek derejesine haçan we nähili ýagdaýda göterilip biler öýdýärsiňiz?

Aşyrguly Baýryýew: Hawa, bu hakykatdanam şeýle. Türkmen hökümeti medianyň döwlete däl-de, jemgyýete, halka degişli bolmalydygyny inkär edýär. Türkmenistanda gazet-žurnallar, radio we telewizion kanallar diňe hökümetiň propaganda serişdesi hökmünde ulanylýar. Halkyň, ýa bolmanda onuň öňdebaryjy bölegi bolmaly intelligensiýanyň söz, metbugat, syýasy azatlyklaryny talap etmäge haçan baryp ýetjegini hatda çaklamagam kyn. Ýöne bu güni kynçylyklaryň irde-giçde soňy geler, men şuňa ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Nurberdi, türkmen halky söz, metbugat azatlygyny, syýasy azatlyklary talap etmek derejesine nähili ýagdaýda göterilip biler? Siz şeýle mümkinçiligi görýärsiňizmi?

Nurberdi Nurmämmedow: Biziň halkymyzyň syýasy azatlygy talap etmek derejesine göterilip biljek ýagdaýy bilen biziň jemgyýetimiziň arasy ýyl geldigiçe açylyp barýan ýaly, şuňa biziň ýolbaşçylarymyz elinde baryny edip hemaýat edýärler. Büzmeýin heläkçiliginde wepat bolanlaryň entäk aýam geçenok, ruhlaram ynjalanok. Hökümetimiz bolsa, olaryň hossarlaryna, olaryň goňşularyna minnetdarlyk toýuny tutdurýar. Biziň jemgyýetimiz häzir şeýle ýagdaýda ýaşaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG