Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýanyň ýokary derejeli üç resmisi wezipelerinden boşadyldy


Ýaponiýada ýer titreme we sunami sebäpli zeper ýeten “Fukusimo-Daiçi” atom energiýa stansiýasynyň üstünde dörän galmagal sebäpli, ýurduň üç sany ýokary derejeli resmisi wezipesinden çetleşdirildi.

Söwda we senagat ministri Banri Kaiedanyň maglumatyna görä, Ýaponiýanyň Energiýa agentliginiň başlygy, Ýadro we senagat howpsuzlygy agentliginiň başlygy, şeýle-de söwda ministriniň orunbasary öz eýeleýän wezipelerinden boşadylypdyr.

Ýaponiýanyň hökümeti “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýsynda awariýa dörän wagty operatiw hereket etmänlikde tankyt edilýär.

11-nji martda Ýaponiýada bolan ýer titreme we sunami sebäpli “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynda dörän krizis Çernobyl wakalaryndan soň dünýäde dörän iň erbet ýadro heläkçiligi hökmünde häsiýetlendirilýär.
XS
SM
MD
LG