Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky partlamada ýurduň aňtaw resmisi öldi


Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda bomba ýerleşdirilen ulagyň ýarylmagy netijesinde ýurduň aňtaw resmisi öldi.

Welaýat sözçüsiniň aýtmagyna görä, Owganystanyň Milli howpsuzlyk edarasynyň resmisi Paýenda Hanyň ulagynda bomba ýerleşdirilipdir. Han şol bombanyň ýarylmagy sebäpli öldi.

Bu wakada üç çaganyň hem ýaralanandygy habar berilýär.

Sişenbe güni Gunduz welaýatyndaky bir myhmanhana janyndan geçen adamlar hüjüm edipdi. Bu wakada dört sany owgan howpsuzlyk resmisi ölüpdi.

Owganystanyň demirgazyk sebitleri, ýurduň gündogary we günortasy bilen deňeşdirilende, has howpsuz region hasaplanýardy. Ýöne soňky hüjümler sebitdäki durnuklylyk boýunça howsalany artdyrdy.
XS
SM
MD
LG