Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe ýaragly güýçlere täze ýolbaşçylary belleýär


Türkiýe geçen hepde hökümet bilen oňuşman işden çekilen dört generalyň ýerine täze goşun, harby deňiz we howa güýçleriniň başlyklaryny belledi.

Prezident Abdullah Gül Ýokary harby geňeşiň dört güne çeken maslahatyndan soň bellenen harby ýolbaşçylary tassyk etdi.

Ozal goşuna baştutanlyk eden general Nejdet Özel NATO-nyň ikinji ululykdaky ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlyklygyna bellendi. Bu hökümetiň Türkiýäniň hökmürowan goşunyna ilkinji gezek ýolbaşçy belleýşidir.

Türkiýäniň Çehiýadaky ilçisi Jihad Erginaý Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:
“Bu Türkiýede demokratiýanyň özgerýändigini görkezýär. Bu harbylaryň üstünden graždan gözegçiliginiň ösýändigini görkezýär”.

Türkiýäniň baş ştabynyň başlygy we goşun, harby deňiz we howa güýçleriniň komandirleri geçen hepde yslam kökli hökümeti agdarjak bolmak synanyşygynda aýyplanan ýüzleçe ofiseriň tussag edilmegine we derňelmegine protest bildirip, işden çekilipdiler.
XS
SM
MD
LG