Sepleriň elýeterliligi

Gazak we gyrgyz resmileri suw meselesinde ylalaşmadylar


Gazak we gyrgyz resmileri Gyrgyzystanyň ýokarky akymlaryndan Gazagystana has köp suw goýbermek boýunça ylalaşyp bilmediler.

Şu hepde Günorta Gazagystan oblastyndan resmi delegasiýa bu mesele boýunça gepleşik geçirmek üçin Bişkege barypdy.

Gyrgyzystanyň energiýa ministriniň orunbasary Awtandil Kalmamatowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, delegasiýa Gazagystanyň günortasynda ýetişdirilýän bugdaý we pagta üçin has köp suwuň goýberilmegini sorapdyr.

Onuň aýtmagyna görä, häzire çenli anyk ylalaşyga gelmek başartmandyr. Emma ol munuň bilen bagly gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini belledi.

Eger-de ylalaşyga gelmek başartsa, onda Gyrgyzystan “Toktogul” suw howdanyndan Gazagystana goşmaça suw goýberer.

Tomus aýynyň ortalarynda Gazagystan we Özbegistan suw ýetmezçiliginden kösenýär.
XS
SM
MD
LG