Sepleriň elýeterliligi

Siriýada bir gijede alty protestçiniň öldürilendigi aýdylýar


Siriýada çarşenbeden penşenbä geçilýän gijede howpsuzlyk güýçleriniň azyndan alty protestçini atyp öldürilendigi habar berilýär.

Hama şäherinde elektrik we aragatnaşyk liniýalary henizem kesik. Bu ýerde ýekşenbe gününden bäri harby operasiýa geçirilýär. Operasiýanyň dowamynda azyndan 100 adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Çarşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýanyň hökümetiniň protestçileri zor bilen basyp ýatyrmagyny ýazgardy we prezident Başar al-Assadyň režimini adam hukuklaryny gödek bozmakda aýyplady.

Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protestleriň mart aýynyň ortalaryna başlanalay bäri, parahat ilatdan 1,700 töweregi adamyň öldürlendigini aktiwistler aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG