Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspertler “Gazpromyň” nogtalanylyşy barada


Spesialistler “Gazpromuň” Ýewropa bazaryndaky paýynyň mundan beýläkki kemelmegini çaklaýarlar.
Spesialistler “Gazpromuň” Ýewropa bazaryndaky paýynyň mundan beýläkki kemelmegini çaklaýarlar.
Germaniýanyň E.ON energetika konserni Orsýetden satyn alýan tebigy gazynyň bahasynyň suduň üsti bilen kemeldilmegini gazanmak isleýär. Eger şeýtmek başa baraýsa, onuň göreldesine “Gazpromdan” gazy arzan almaga dalaş edýän Ýewropanyň beýleki iri kompaniýalarynyň-da goşulmagy mümkin diýip, ekspertler çaklaýarlar.

Germaniýadaky iri E.ON energetika kompaniýasy özüniň “Demirgazyk akym” proýekti boýunça hyzmatdaşlary bolan Orsýetiň “Gazpromy” tarapyndan satylýan tebigy gazyň bahasy baradaky meseläni çözmek üçin orbitraž suda ýüzlenmäge taýýar. “Gazprom eksport” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Sergeý Çelpanowyň habar bermegine görä, uzaga çeken gepleşiklerden soň 2010-njy ýylyň ýanwarynyň başynda satyn alyş nyrhynyň kesgitnamasy düzgünleşdirilipdi, ýöne munuň bada-bat yzysüresi E.ON ýene-de oňa täzeden seretmäge aýak diredi. Emma gepleşiklerde ylalaşyk gazanylmady, şundan soň nemes kompaniýasy jedeli sudda çözmegiň kararyna gelendigini aýtdy.

Wakalaryň şeýle ýol bilen ýaýbaňlanmagyna, megerem, Italiýanyň çaklaňja “Edison” kompaniýasy bilen baglanyşykly waka täsir edendir. Bu kompaniýa iýulyň ahyrynda sudda çözülişmek haýbaty bilen uzak möhletleýin şertnamalar boýunça bazar şertleriniň üýtgemegini göz öňünde tutup, bahalara täzeden seredilmegi barada “Gazprom” bilen ylalaşdy. Edison bir ýylda 2 milliard kubometr gaz satyn alýar. Munuň özi E.ON-yň şertnamalary bilen deňär ýaly däldir.

Moskwa bankynyň analitigi Denis Borisow bu meselede şeýle pikir edýär:

— Häzirki wagtda E.ON “Gazpromyň iň iri alyjylarynyň biri hasaplanýar. Dürli hasaplamalara görä, kompaniýa her ýyl 15-den 20 milliard kubometre çenli gaz satyn alýar. Munuň özi nemes sarp edijileriniň tas ýarysyny diýen ýaly düzýär. Şunuň ýaly ýoňsuz ölçegler “Gazprom” üçin iňňän möhüm bolup durýar. Şonuň üçin-de birden dawa-jenjel turaýsa, ol bäri-bärde durmaz.

“Gazpromyň” hyzmatdaşlarynyň onuň baha syýasatyndan nadyl bolmaklaryna düşünmek kyn däl diýip, ekspertler ylalaşýarlar. Häzir gaz Ýewropa bazaryna iki shema boýunça iberilýär. Ilkinji nobatda rus konserni bilen uzak möhletleýin şertnamalaryň, şonuň ýaly-da, spot boýunça, ýagny bir saparlyk diýen ýaly şertnamalaryň esasynda iberilýär. “RusEnergy” kompaniýasynyň hyzmatdaşy we analitigi Mihail Krutihiniň aýtmagyna görä, häzir soňky şertnama ýewropalylara has bähbitli:

— Soňky bassyr birnäçe ýylyň dowamynda öz üpjün edijiňize hem-de hemişelik hyzmatdaşyňyza onuň gazy üçin artyk töläp gelmek size hoş ýakmasa gerek. Sebäbi erkin spot bazarynda gaz “Gazpromyňkydan” arzan satylýar. Soňky iki ýylyň içinde bu tapawut müň kubometr gaz üçin 30-dan 55 dollar aralygyny düzdi.

Şonuň üçinem, elbetde, köp sanly hyzmatdaşlar Orsýetiň kompaniýalaryna çeýelik görkezmegi we nyrh emele getirilişinde täze düzgün kabul etmek — bazaryň şertlerini duýmaga ukyply has interaktiw düzgüni kabul etmek barada haýyş bilen ýüz tutýarlar. Moskwa Bankyndan Denis Borisowyňam şu babatdaky pikiri meňzeş. Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda uzak möhletleýin spot şertnamalarynyň bahasynyň arasyndaky tapawut eýýäm müň kubometr üçin ortaça 100-den 150 dollara ýetýär:

— Soňky ýyllaryň içinde “Gazpromyň” ýewropaly hyzmatdaşlarynyň ençemesi uzak möhletleýin şertnamalaryň nyrh meselesine aýak direýär. Munuň esasy sebäbi “Gazprom” bilen uzak möhletleýin şertnamalaryň ýagdaýynda Ýewropada spot nyrhlarynyň pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr. Spot şertnamalarynda nebit önümlerine nyrhlaryň üýtgemegi bilen baglanyşyklylykda gaza baha kesilişi göz öňünde tutulýar. Uzak möhletleýin şertnamalardaky gazyň nyrhy spot nyrhlaryndan ýokary. Bu bolsa artyk töleg bermek islemeýän ýewropaly sarp edijilerde howsala döredýär.

Nyrhlaryň göz-görtele parhlanýandygyna garamazdan, “Gazprom” uzak möhletleýin şertnamalara we nebit bazarynyň ýagdaýlaryna esaslanyp, özüniň gazyny Ýewropa çykarýan häzirki shemasyny berkden-berk gorap gelýär. Mihail Krutihiniň sözlerine görä, Orsýet monopoliýasynyň şunuň ýaly eglişige gelmezligi onuň Ýewropadaky pozisiýasynyň görnetin gowşamagynyň sebäbi boldy:

—“Gazpromyň” saýtynda onuň ýolbaşçylarynyň konserniň Ýewropada köp gazanç edýändigi baradaky buýsançly sözleri göze dürtülip dur. Munuň gepleşikleriň barşynda örän berk pozisiýada durulýanlygy üçin şeýle bolýandygyny-da olar tekrarlaýarlar. Emma şeýle berk pozisiýa “Gazpromyň” Ýewropa bazaryndaky paýynyň yzygiderli kemelmegine getirýär. Haçan-da bir mahal ol importyň ähli möçberiniň tas 49 prosentini düzýärdi, häzir welin, çak bilen 23-24 prosente çenli aşak düşdi. Başgaça aýdanyňda, beýleki gaz satýanlara (mysal üçin Norwegiýa) garanyňda eglişige gelmezlik we ederiňi bilmezlik “Gazpromyň” abraýyna we maliýe görkezijilerine şek ýetirýär.

Ekspertleriň tassyklamagyna görä, golaý möhletdäki perspektiwada Ýewropanyň gaz bazaryndaky ýagdaý üýtgejege meňzänok. Spot şertnamalaryndaky nyrhlar Orsýetiň uzak möhletleýin satýan gazynyň bahasyna golaýlar. Moskwa bankynyň analitigi Denis Borisow şeýle diýýär:

— Umumy Ýewropa balansynda spot bazarynyň paýynyň onçakly uly däldiginden çen tutsaň (dürli garaýyşlara görä, 10-dan 25 prosente çenli), haýsydyr bir faktoryň nyrh kesmegiň çürt-kesik galmagyna getirip biläýjek töwekgelçilikleriniň bardygyny aradan aýryp bolmaz.

Ýöne azyndan ýakyn geljekdäki bäş ýylda Ýewropada gazyň spot nyrhy basyş astynda boljaga meňzeýär. Munuň özi gazyny hödürleýänleriň sanynyň ýeterlik saklanylyp galandygy, şonuň ýaly-da ABŞ-dan Ýewropa gaz berlip başlanmagynyň mümkin bolmagy bilen baglanyşyklydyr. ABŞ-da gaz has arzan.

Şunuň ýaly ýagdaýda spesialistler “Gazpromuň” Ýewropa bazaryndaky paýynyň mundan beýläkki kemelmegini çaklaýarlar. RusEnergy kompaniýasynyň hyzmatdaşy we analitigi Mihail Krutihiniň bellemegine görä, käbir ýurtlar Orsýetiň gazyndan bütinleý boýun towlamaga taýýar:

— Munuň özi uçgun syçraýan ýaly bolup döreýär. Mysal üçin, “Gazpromyň” Italiýanyň bazaryndaky paýy kemelýär, Horwatiýa Orsýetiň gazyny satyn almakdan doly boýun gaçyrýar, Bolgariýa-da ýene iki ýyldan muny şeýtjekdigini habar berdi. Beýleki ýurtlarda-da “Gazpromy” şunuň ýaly aňyrrak itýärler. Iň bolmanda, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň arasyndaky söhbetdeşligi ýada salalyň. Şonda Medwedewiň Orsýetiň “Demirgazyk akym” gaz geçirijisiniň üçünji şahasynyň gurluşygy (Baltika deňziniň üsti bilen Germaniýa) barada pikirlenmeli diýen haýyşyna kansler özlerine üçünji şahanyň-da, dördünji, bäşinji şahanyň-da derkar däldigini aýdypdy.

E.ON bilen “Gazpromyň” arasyndaky sud jedeli barada aýdanyňda bolsa, spesialistler hereket edýän şertnamalar barada jikme-jik maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, onuň netijesini mälim etmekden saklanýarlar. Emma olar bu seljermeleriň islendik netijesiniň üýtgeşik boljagyny aýdýarlar. Nemes konserni ýeňäýse, onda “Gazproma” şunuň ýaly talapnamalary onuň beýleki iri hyzmatdaşlary bolan — Italiýanyň “Eni” ýa-da Fransiýanyň “Gaz de France Suez” ýaly kompaniýalar-da iberip bilerler.

Iwan Trefilow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG