Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda çagalara metjide barmak gadagan edildi


Täjigistanda 18 ýaşyny doldurmadyk ýaşlaryň metjide gatnamagyna gadagançylyk girizýän kanun proýektine gol çekildi.

Täjigistanda 18 ýaşyny doldurmadyk ýaşlaryň metjide gatnamagyna gadagançylyk girizýän kanun proýektine gol çekildi.

Täjigistanyň prezdenti Emomali Rahmon kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň metjide barmagyny gadagan edýän kanuna gol çekdi. Prezident apparatyndaky çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, prezident bu kanuna 2-nji awgustda gol goýupdyr. Emma bu kanun metbugatda çap edilensoň, güýje girer.

Prezident Emomali Rahmonyň inisiatiwasy bilen işlenip düzülen kanun proýekti geçen üç aýyň dowamynda halk maslahatynda goýuldy. Täjigistandaky käbir syýasatçylar bu kanun proýektine käbir düzedişleri, üýtgetmeleri girizip, onsoň kabul etmeli diýip, talap etdiler. Mundan bir hepde öň bolsa, Täjigistanyň öňki müftüsi Akbar Törejanzada prezident Emomali Rahmony bu kanuna oraza aýynda gol çekmezlige çagyrdy.

"Dini azatlyklar çäklendirilýär"

Halkara dini erkinlikler boýunça Birleşen Ştatlaryň komissiýasynyň resmisi Leonarda Leo bu inisiatiwa hakda öňräk öz pikirini bildirip, Täjigistanda beýle kanuna gol çekilmegi bilen ylalaşyp bilmeýändigini aýdypdy. Onuň pikiriçe, bu dokumentiň käbir maddalary Täjigistanda onsuzam çäkli dini erkinlikleri has-da çäklendirýär. Täjik prezidenti bolsa bu kanunyň ýaşlaryň terbiýesinde möhüm rol oýnajakdygyny aýdýar.

Halkara guramalaryň we ýurduň içindäki syýasatçylaryň närazylygyna garamazdan, prezident Emomali Rahmon Täjigistanda 18 ýaşyny doldurmadyk ýaşlaryň metjide gatnamagyna gadagançylyk girizýän kanun proýektine oraza aýynyň ikinji güni gol çekdi.

Täjigistanyň Sosial-demokratik partiýasynyň başlygy Rahmatylla Zoirow bu kanunyň hukuk taýdan sowatsyz ýazylandygyny aýdýar: “Çagalaryň hukuklary barasyndaky konwensiýa görä, 18-e çenli ýaşdaky her bir ýetginjegiň özüne has bolan hukuklary we borçlary bar. Täze kanun bolsa şoňa garşy gelýär. Konstitusiýanyň 10-njy maddasynyň 4-nji bendinde, haýsy kanun konwensiýa çapraz gelýän bolsa, onuň kanuny esasa eýe däldigi bellenýär. Täze kanuny kabul edip, esasy kanunymyzyň talaplaryny ýatdan çykarýarys”.

Emma Täjigistanyň Kommunistik partiýasynyň resmisi Ysmaýyl Talbakow kabul edilen täze kanuny goldaýandygyny, bu dokumentiň ýaşlaryň dini akymlara goşulmagynyň öňüni aljakdygyna ynanýandygyny aýdýar.

Türkmenistan

Soňky döwürde, Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň ählisinde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da ýaşlaryň arasynda metjitlere gatnamak tendensiýasynyň artýandygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow aýdýar: “Hepdäniň anna güni juma namazynda, dini baýramçylyklarda metjitlere barýan adamlaryň sany örän köp bolýar. Olaryň arasynda ýaşlaram köp. Häzirki ýaşlaryň arasynda dine uýýanlarynyň sany artýar”.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýaşlaryň metjitlere gatnamagyna, ol ýerde belli bir derejede dini bilim almagyna mümkinçilik döredildi. Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu babatda Türkiýe respublikasynyň türkmenlere uly kömek edendigini aýdýar: “Türk kompaniýalary öz hasabyna Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Ylahyýet fakultetiniň hem-de şol fakultetiň ýanynda hereket edýän Ylahyýet liseýiniň okuw korpusyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, namaz okar ýaly ýeri, naharhanany, umuman, kiçijek student şäherçesini bina edipdi”.

Dünýäniň ähli ýurtlarynda her hili dini akymlar bar. Synçylar dini akymyň arkasynda gara işleri etjek bolýanlaryň hem bardygyny inkär etmeýärler. Emma Türkmenistanda şu mahala çenli köpçüligiň gözüne iläýjek hereket bolmady. Ýurduň Konstitusiýasynda hem Türkmenistan dünýewi döwlet diýlip ýazylan. Din döwletden, döwlet dinden aýra diýilýär.

Emma Bugaýew munuň iş ýüzünde berjaý edilmeýändigini aýdýar: “Ýurduň müftüsi köp ýagdaýda ähli hereketleri babatda ýurduň prezidentine tabyn. Prezidentiň ýanyndaky dini işler boýunça ýörite geňeş hem gönüden-göni hökümet tarapyndan dolandyrylýar. Iş usuly we nämeleri amal etmelidigi hökümet tarapyndan kesgitlenilýär”.

Syýasy meselemi?

Özbegistanyň Daşkent Yslam uniwersitetiniň işgäri, syýasaty öwreniji Bahadyr Ýoldaşew hem soňky döwürde Merkezi Aziýada ýaşlaryň dine has köp ýykgyn edýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu tendensiýa Özbegistan bilen Täjigistanda has güýçli. Beýlekilerinde ol derejede däl. “Sebäbi gadym geçmişde bu üç döwletiň ilaty göçüp-gonup, maldarçylyk bilen meşgul bolan halklar. Emma özbekler oturymly halk bolupdyr. Bu ýagdaý ýurtda diniň ösmegine täsir edipdir”.

Soňra Ýoldaşew şeýle diýýär: “Käbir ýurtlaryň döwlet baştutanlary häkimiýeti elden bermezlige çalşyp, bu meselä artykmaç ähmiýet berýärler. Sebäbi yslam arkaly öz närazylygyny bildirmek aňsat. Yslam adamlary birleşdirýär. Yslam adalatlylygy birinji orunda goýýar. Hudaýa ynanýaryn diýmek – aslynda adalata ynanýaryn diýildigi. Resmiler muňa garşy çykyp bilmeýärler. Şonuň uçin ekstremizme garşy göreşmeli diýýärler. Ekstremizm howpy hakykatdanam bar. Emma bu umuman başga zat”.

Sişenbe güni prezident Emomali Rahmonyň gol çeken täze kanunynda 18 ýaşyny doldurmadyk täjigistanly ýaşlara zorluk, ekstermistik we terrorçylyk hakyndaky kinofilmleri görmek we şeýle mazmundaky gazet-žurnallary we ýazgylary internet ýa-da mobil telefonlar arkaly ýaýratmak hem gadagan edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG