Sepleriň elýeterliligi

Kosowanyň prezidenti: “Belgrad hakykaty kabul etmeli”


Kosowanyň prezidenti Atifete Ýahýaga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, 2-nji awgust.

Kosowanyň prezidenti Atifete Ýahýaga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, 2-nji awgust.

Kosowanyň Serbiýa bilen bolan demirgazyk serhedinde dörän dartgynlylyk hakda Kosowanyň prezidenti Atifete Ýahýaga bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan alyp baran Arbana Widişiki.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ýagdaý demirgazyk Kosowada häzirem dartgynly. Siziň pikiriňizçe, bu problemalar nähili çözlüp bilner?

Atifete Ýahýaga: Bu meselede kanunyň hökümdarlygyndan, Kosowa Respublikasynyň tutuş territoriýasynda Konstitusiýanyň we kanunçylygyň doly ýerine ýetirilmeginden başga çäre ýok. Kosowa Respublikasy bilen Serbiýa Respublikasynyň arasyndaky söwda babatda ikitaraplaýyn çäreler hakdaky karar Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky araçägi goramakdan ybarat. Araçäkden bikanun geçilmezligi we gaçakçylyk bolmazlygy üçin bu çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi möhüm. Munuň üçinem 1-nji we 31-nji kontrollyk nokatlarynda polisiýa güýçleriniň ýerleşdirilmegi kanunyň hökümdarlygyna doly laýyk zat. Bu biziň raýatlarymyzyň bähbidine, şeýle hem Serbiýanyň bähbidine.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ýewropa Bileleşigi öňki ýagdaýa dolanylmagyna çagyrdy. Ýöne Kosowa hökümeti yza dolanmak bolmaz diýdi. Siziňçe, bu meseläni nädip çözüp bolar?

Atifete Ýahýaga: Ýewropa Bileleşiginiň haýyşyna adaty ýagdaýa, imisalalyga dolanmak diýip düşünmeli. Hiç kimde Ýewropa Bileleşigi guramaçylykly jenaýatçylygyň, gaçakçylygyň gülläp ösen döwrüne dolanylmagyny isleýär diýen duýgy bolmasyn. Serhetlere kontrollyk we düzgünleri hormatlamak Ýewropa Bileleşiginiň düýp prinsipi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Halkara jemgyýetçiligi we häkimiýetler bu meseleler barada Priştina bilen Belgradyň arasynda bir dialogyň geçirilmegine çagyrdylar. Demirgazykda bolan bu wakalardan soň bu dialog netije berermi?

Atifete Ýahýaga: Ýewropa Bileleşiginiň araçylyk etmeginde Kosowa bilen Serbiýanyň arasynda Brýusselde başlanan dialog Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň rezolýusiýasyna daýanýar. Ondan maksat regiondaky ýönekeý ilatyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak üçin praktiki çözgütleriň tapylmagy. Serbiýa bu dialogyň planlaşdyrylan tapgyryny birtaraplaýyn suratda dowam etdirmezlik kararyna geldi. Onsoň söwda we serhete kontrollyk barada ikitaraplaýyn çärelerden başga ýol galmady.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Resmi Belgradyň bu ugurdaky roluna siz nähili garaýarsyňyz?

Atifete Ýahýaga: Belgrad konstruktiw rol oýnamaly. Ol hakykaty kabul edip, Kosowa döwleti bilen adaty gatnaşyklary ýola goýmak barada tagalla etmeli. Bu hem Serbiýanyň ilatynyň bähbidine, hem-de Kosowanyň ilatynyň bähbidine. Munuň özi Serbiýanyň gorajakdygyny aýdýan etnik serbleriň-de bähbidini öz içina alýar.

Kosowa Respublikasy özbaşdak, garaşsyz döwlet. Ol etniki, medeni we dini taýdan ködürlilik prinsipine esaslanýar, hemmeleriň hukugyny hormatlýar. Ýöne hemmeleriň-de ýurduň Konstitusiýasyny, kanunlary hormatlamagyny islýär. Regiondaky beýleki ýurtlar ýaly, Kosowa bilen Serbiýa-da özara adaty gatnaşyk gurmaly. Sebäbi Balkanlarda parahatçylygyň, durnuklylygyň dowam etmeginiň ýeke-täk ýoly şu. Ýewropa Bileleşigine integrirlenmek üçin biz diňe şu ýol bilen öňe gidip bileris.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç bilen duşuşmaga taýynmysyňyz?

Atifete Ýahýaga: Kosowa dialog prosesine eýýäm başlady. Men bu dialogyň iň gowy ýol däldigini boýun alýaryn. Ýöne bu özara urşy, konflikti başdan geçiren iki ýurduň öz problemalaryny çözmegi üçin ýeke-täk dogry ýol bolup durýar.

Men ozal hem aýtdym: bu iş Kosowa halkynyň we Kosowanyň özüniň bähbidine bolsa, her bir adam bilen nirede hem bolsa, men duşuşmaga taýyn. Regiondaky beýleki ýurtlar ýaly Kosowanyň geljegi Ýewropa integrirlenmekde. Kosowa bilen Serbiýa biri-birine garşy çykyp däl-de, birek-biregi goldap, ýewropa integrasiýasyna tarap hereket etmeli. Men Kosowanyň, beýleki ýurtlar bilen bolşy ýaly, Serbiýa bilen-de ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekjekdigine, diplomatik gatnaşyk gurjakdygyna berk ynanýaryn.
XS
SM
MD
LG