Sepleriň elýeterliligi

HPG-niň täze bellenen başlygy Lagard derňelmeli edildi


Fransuz sudy Halkara pul gaznasynyň başlygy Kristin Lagardyň Fransiýanyň maliýe ministri bolup işlän wagty maliýe dawasyny çözmekdeäki roluny derňemeli etdi.

Hökümet agzalarynyň bikanun işlerini derňeýän Adalat sudy Lagardyň prezident Nikolýa Sarkozä ýakyn biznesmen Bernard Tapiniň haýryna 285 million ýewro arbitraž tölegini tassyklamagyny derňemegi buýurdy.

Lagard bu meselede hiç bir ters iş etmändigini aýdýar we onuň özüniň bu ýerde peýda görendigini aýdara esas görünmeýär.
XS
SM
MD
LG