Sepleriň elýeterliligi

Ukrainadaky şahta partlamasynda 1 adam öldi, 22 adam ýaralandy


Gündogar Ukrainada bir kömür şahtasynda metan gazynyň partlamagy netijesinde bir adam öldi, 22 adam ýaralandy.

Birnäçe gün ozal bu ýerde bolan iki hadysada 37 şahtaçy ölüpdi.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi bu partlamanyň Lugansk sebitiniň Krasnokutska şahtasynyň astynda, 220-den gowrak şahtaçynyň işleýän wagty bolandygyny aýtdy.

Biraz öň ministrlik 26 şahtaçynyň ýaralanandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG