Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Gürjüstany özüne bökdençlik döretmezlige çagyrýar


Prezident Dmitriý Medwedew Gürjüstany Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna girmegine bökdençlik döretmezlige çagyrdy.

Medwedew Soçi şäherinde beren telewizion interwýusynda şu ýyl Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna girmek mümkinçiligi ýokary, ýöne oňa Gürjüstanyň syýasy päsgelçilik döretmegi ähtimal diýdi.

Tbilisi gümrük kontrollugy üstündäki dawalar çözülmese, özüniň weto hukugyny ulanyp, Orsýetiň bu gurama kabul edilmegine päsgel berjegini aýdýar.

Medwedew Orsýetiň «Eho Moskwy» radiosyna, Orsýetiň «Segodnýa» telewideniýesine we Gürjüstanyň PIK-TW-sine interwýu berdi. Bu Medwedewiň 2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstanyň bölüniji sebitleriniň üstünde bolan uruşdan bäri gürji mediasyna beren ilkinji interwýusydyr.
XS
SM
MD
LG