Sepleriň elýeterliligi

Belarusly hukuk topary öz başlyklarynyň tussag edilendigini aýdýar


Belarusyň iň tanymal hukuk topary bolan «Wesna» polisiýanyň öz liderini tussag edendigini we häkimiýetleriň öz ofislerinde barlagdyr gözleg geçirendigini aýdýar.

«Assoşeýted pres» hukuk goraýjy «Wesna» toparynyň aktiwisti Wladimir Labkowiçe salgylanyp, onuň Ales Belýatski Minskide tussag edildi diýendigini ýazýar.

«Wesna» hökümetiň barha beterleýän maliýe krizisi mahalynda protestçileri basyp ýatyrmakda görýän çäreleri barada yzygider habar berýärdi.
XS
SM
MD
LG