Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Somalide 29 müň çaganyň aç ölendigini aýdýar


Birleşen Ştatlar Somalidäki açlyk we gurakçylyk netijesinde bäş ýaşdan aşakda 29 müňden gowrak çaganyň ölendigini aýdýar.

Amerikan hökümetiniň kömek guramasynyň resmisi Nensi Lindborg çarşenbe güni Waşingtonda, kongres komitetinde çykyş edip, ABŞ-nyň hasaplamalaryna görä, soňky 90 günde günorta Somalide bäş ýaşdan aşakda 29 müňden gowrak çaganyň ölendigini aýtdy.

Bu sanlar ABŞ-nyň Kesel kontroly we öňüni alyş merkezleriniň naharlanyş we ölüm boýunça geçiren barlaglaryna esaslanýar.

BMG Somalide soňky 60 ýyldaky iň agyr gurakçylykda onlarça müň adamyň ölendigini aýdypdy.

“Al-Kaýda” bilen ilteşikli jeňçi toparlaryň ýurduň agyr ýagdaýdaky ýerleriniň köpüsine kontrolluk etmegi ol ýerlere kömek eltmekde goşmaça kynçylyk döredýär.
XS
SM
MD
LG