Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý metbugaty internet hüjümlerinde Pekiniň eliniň ýokdugyny aýdýar


Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty soňky döwürde dünýäniň ýokary derejeli edaralaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasyna we Birleşen Ştatlaryň hökümetine edilen internet hüjümlerinde hytaý hökümetiniň eliniň ýokdugyny aýdýar.

“People's Daily” neşiri kompýuter howpsuzlygy boýunça “McAfee Inc.” kompaniýasynyň çarşenbe güni ýaýradan hasabatyny “jogapkärçiliksiz” diýip häsiýetlendirdi. Şol hasabatda käbir synçylar bu hüjümleriň arkasynda Hytaýyň duran bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Hasabatda bellenmegine görä, “Operation Shady RAT” atly operasiýa bäş ýylyň dowamynda Amerikanyň, Kanadanyň, Hytaýyň, Günorta Koreýanyň, Taýwanyň, Wýetnamyň hökümetlerini, şeýle-de beýleki ýokary derejeli guramalary nyşana alypdyr.

Hytaýyň resmileri häzirlikiçe muny resmi taýdan inkär etmediler.

Birleşen Ştatlar hem Hytaýy gizlinlikde internet hüjümlerini amala aşyrmakda günäkärläpdi.
XS
SM
MD
LG