Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýland ilkinji zenan premýer-ministrini saýlady


Taýlandyň parlamenti ýurduň ilkinji zenan premýer-ministrini saýlady. 44 ýaşly Yingluk Şinawatra Taýlandyň ozalky premýer-ministri Taksin Şinawatranyň aýal doganydyr.

Taksin Şinawatra 2006-njy ýylda harby agdarlyşyk netijesinde häkimiýetden çetleşdirilipdi. Şondan soň ol wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma ol türmeden gaçyp, häzir Dubaýda ýaşaýar.

Taksin Şinawatra henizem Yinglugyň partiýasynyň iş ýüzündäki lideri hasaplanýar. “Pheu Thai” partiýasy geçen aý geçirilen baş saýlawlarda ýeňiş gazanypdy.

Yinglugyň bu wezipä bellenmegi patyşa tarapyndan tassyklanmaly.
XS
SM
MD
LG