Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak ministri harby çykdaýjylaryň azaldylmagyna garşy


Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Leon Panetta ýurduň bergi çägini artdyrmak boýunça geçirilýän häzirki işleriň çäginde harby çykdaýjylaryň uly möçberde kemeldilmegini kabul etmejekdigini aýtdy.

Panettanyň pikiriçe, harby pudaga goýberilýän serişdeler azaldylsa, bu ýagdaý Amerikany ösüp barýan güýçleriň öňünde gowşak ýagdaýa getirer.

Bu barada Leon Panetta Pentagonyň başlyklygyna bellenmeginden bir aý soň geçiren ilkinji metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Häzirki ylalaşyga görä, 10 ýylyň dowamynda harby çykdaýjylary 350 milliard dollar möçberinde azaltmak göz öňünde tutulýar.

Ýöne, ylalaşyga laýyklykda, çykdaýjylary mundan beýläk-de azaltmak meselesi ýene açyk bolmagyna galýar.

Penşenbe güni eden çykyşynda Panetta harby çykdaýjylaryň mundan beýlägem azaldylmagynyň milli howpsuzlyga zyýan getirip biljekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG