Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada onlarça müň adam köçelere çykdy


Siriýada juma namazyndan soň onlarça müň adam prezident Başar al-Assadyň režiminiň tamamlanmagyny talap edip, köçelere çykdylar.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, paýtagt Damaskyň töwereklerinde howpsuzlyk güýçleri demonstrantlary dargatmak üçin ýaraglardan ot açypdyrlar we göz ýaşardyjy gaz ulanypdyrlar.

Protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde anna güni azyndan dört adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Soňky günleriň dowamynda howpsuzlyk güýçleri mart aýynda başlanan hökümete garşy protestleri basyp ýatyrmak çärelerini barha ýaýbaňlatdy.

Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Assadyň režimini 2,000 töweregi adamy öldürmekde günäkärledi.
XS
SM
MD
LG