Sepleriň elýeterliligi

Medwedew ABŞ-nyň Senatynyň kabul eden rezolýusiýasyny tankytlady


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Orsýetiň harbylarynyň Gürjüstanyň sebitlerinden çekilmegi boýunça Birleşen Ştatlaryň Senatynyň kabul eden rezolýusiýasyny tankytlady.

Medwedew Orsýetiň we Gürjüstanyň habar serişdelerine beren interwýusynda şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, Senatyň bu beýanatlary hiç zada esaslanmaýar. Bu Senatyň käbir gartaşan agzalarynyň meýlini görkezýär. Bu, belli bir subýektiw sebäplere görä, ol ýa-da beýleki adamlara olaryň alada galýandygyny görkezýär. Bu olaryň öz işi. Bu daşary ýurduň parlamenti. Olaryň beýle kesgitlemäni nähili ýagdaýda kabul edýändikleri bilen işim ýok”.

Medwedew interwýuny Orsýetiň “Eho Moskwy” radiosyna, Orsýetiň “Segodnýa” telewideniýesine we Gürjüstanyň PIK-TW-sine berdi. Bu onuň 2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstanyň bölüniji sebitleriniň üstünde bolan uruşdan bäri gürji mediasyna beren ilkinji interwýusydyr.

Birleşen Ştatlaryň Senatynyň rezolýusiýasy, bäş günlük urşuň tamamlanmagyna getiren ylalaşygyň şertlerine görä, Orsýetiň esgerleriniň Gürjüstandan bölünip aýrylan Günorta Osetiýa we Abhaziýa regionlaryndan çykarylmagyna çagyryş edýär.

Uruşdan soň Orsýet Günorta Osetiýany we Abhaziýany garaşsyz döwletler hökmünde ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG