Sepleriň elýeterliligi

NATO hüjüminde Kaddafiniň oglunyň ölendigi aýdylýar


Liwiýanyň gozgalaňçylary penşenbe güni agşam NATO-nyň Zliten şäherine garşy amala aşyran howa hüjümlerinde Kaddafiniň ogly Hamisiň ölendigini habar berýärler.

Gozgalaňçylaryň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, howa hüjüminiň netijesinde 30 adam, şol sanda Hamis hem ölüpdir.

Ýöne Liwiýa hökümetiniň metbugat wekili Mussa Ibrahim bu baradaky habarlary ret etdi.

NATO-nyň Liwiýadaky operasiýalary boýunça Neapoldaky baş komandowaniýesiniň resmisi bu aýdylýanlardan habarynyň bardygyny belledi, emma muny tassyklap bilmejekdigini aýtdy.

Hamis aýratyn harby birlikleriň komandiridi. Habarlara görä, ol Zliten şäherindäki harby operasiýalara ýolbaşçylyk edipdir.
XS
SM
MD
LG