Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň öňki premýeri Timoşenko tussag astynda alyndy


Ukrainanyň sudy ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň tussag astyna alynmagyna höküm çykardy. Muňa onuň sudda özüni talabalaýyk alyp barmazlygy sebäp bolupdyr.

Timoşenkonyň üstünden 2009-njy ýylda Orsýet bilen baglaşylan gaz şertnamalary boýunça sud geçirilýär. Suduň çykarjak karary netijesinde Timoşenko türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Timoşenko 2004-nji ýylda Ukrainada bolan Mämişi rewolýusiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri bolupdy.
XS
SM
MD
LG