Sepleriň elýeterliligi

Dünýä maliýe bazarlary pese gaçýar


NYSE, 2011-nji ýylyň 4-nji awgusty.

NYSE, 2011-nji ýylyň 4-nji awgusty.

Birleşen Ştatlarda we Ýewropada ýüze çykýan bergi krizisleriniň täze global ykdysady çökgünligiň döremegine eltmegi mümkin diýen howatyrlanma esasynda dünýä maliýe bazarlary pese gaçmagyny dowam etdirýär.

Birleşen Ştatlaryň pul bazarynda soňky iki ýyldaky iň güýçli pese gaçyşlygyň bolan gününiň ertesi aziýa bazarlarynda hem aşak düşmeler peýda boldy. Ýaponiýanyň esasy “Nikkei 225” indeks görkezijisi 3,7% peseldi, Günorta Koreýanyň görkezijisi bolsa 4,3% aşak düşdi.

Ýewropanyň pul bazarlarynda-da şoňa meňzeşräk ýagdaýlary görmek bolýar. Frankfurtyň DAX we Fransiýanyň CAC indeks görkezijileri bazaryň açylyşynda 3% töweregi aşak düşdi.

Birleşen Ştatlarda yzagaýdyşlygyň täze tolkunlarynyň döremek howpy, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginde Italiýanyň we Ispaniýanyň barha çökýän ykdysadyýetlerini dikeltmek üçin, ÝB-niň pul ýardamyny bermäge mejbur bolmagynyň mümkindigi baradaky habarlar maýa goýujylaryň ynamyna urgy boldy.

Aziýanyň resmileri global ykdysadyýetiň çökmegine ýol bermezlik üçin Amerikadaky we Ýewropadaky krizisleriň öňüni almak ugrundaky hyzmatdaşlygy artdyrmaga çagyrýarlar. Ýaponiýanyň maliýe ministri Kaoru Ýosano şeýle diýdi: “Tutuş dünýä ykdysadyýet arkaly özara baglanyşýar. Nýu-Ýorkda ýa-da Londonda bolýan zatlar diňe olaryň öz içinde galanok. Şol sebäpli biziň ähli pul bazarlaryny göz öňünde tutmagymyz möhüm”.

Anna güni Germaniýa bilen Fransiýa bergi krizisini maslahat etmek üçin gepleşikler geçirýärler. Angela Merkel bilen Nikolýa Sarkoziniň telefon gürrüňdeşligine Ispaniýanyň premýer-ministri Hose Luis Rodriguez Zapateronyň hem goşulmagynyň mümkindigi habar berilýär.

Mundan bir gün öň Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso barha ýygjamlaşýan krizis sebäpli özüniň howatyrlanmasyny bildirip, Ýewrozonanyň düzümine girýän döwletleriň liderlerini Ýewropa Bileleşginiň bergiden çykmak strategiýasyny berkitmek üçin, gyssagly çäreleri görmäge çagyrdy.

Şol bir wagtda-da dünýäniň käbir döwletleri özleriniň milli walýutasynyň hümmetini peseltmek ugrunda tagalla edýärler. Ýaponiýa bilen Şweýsariýa milli pul birlikleriniň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin, ýörite çäreleri geçirdi. Eger şeýle çäre geçirilmese, bu ýurtlaryň eksport harytlarynyň dünýä bazarynda bäsleşmek ukyby peselýär. Başgaça aýdylanda, olaryň harytlaynyň bahasy ýokary bolup, beýlekileriňki pes bolýar.
XS
SM
MD
LG