Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Türkmenistanda tomsuň iň bir yssy günleri dowam edýär. Howanyň temperaturasy gündizlerine 45 gradusa çenli gyzýar.

Yssy howa agşamlaryna hem 30 gradusdan pesde däl. 6-njy awgusta geçilýän gije bolsa Aşgabatda howanyň temperaturasy 36 gradusdan aşak düşmedi.

Türkmen döwlet telewideniýesi, 5-nji awgust.
Türkmenleriň öz milli ýyldyz senenamasy boýunça häzirki wagtda "Üçýyldyz" döwri dowam edýär. "Üçýyldyz" döwri 23-nji iýulda başlanýar we 12-nji awgusta, ýagny "Uly Köpek" ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy bolan Ýaldyragyň daňdanlar görünýän wagtyna çenli dowam edýär.

"Üçýyldyz" döwrüniň dowamlylygy bary-ýogy 20 gün töweregidir. Bu döwri türkmenler "Saryja tomus" diýip hem atlandyrýarlar. Ylmy maglumatlardan belli bolşy ýaly, bu döwürde Türkmenistanyň we goňşy döwletleriň çäklerine tomusky termiki depressiýa aralaşýar. Ýagny termiki depressiýa örän yssy, has ýiti Gün şöhleleri bilen tapawutlanýar.

Howanyň aşa gyzmagy netijesinde elektrik energiýasynyň sarp edilişine juda agram berilýär. Esasan kondisionerleriň üznüksiz işledilmegi elektrik podstansiýalarynda näsazlyklaryň yzygider ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpden hem çyralar günüň dowamynda ençe ýola öçüp, ýaşaýjylary energiýasyz goýýar.

Ilatyň talap edýän energiýasyna tap getirip bilmän, üzülip ýatan elektrik sim geçirijilerine ýollarda köp duşmak bolýar.

Aşgabat, Awgust, 2011.
Elektrik sowadyjy enjamlaryň üznüksiz, aşa köp ulanylmagy netijesinde ýangynyň döreýän ýerleri hem hasaba alynýar. Şu sebäpden "Döwletenergogözegçilik" gullugy, Ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurduň telewideniýesinde elektrik enjamlaryny dogry ulanmaklygyň kadalaryny düşündirýän wagyz äheňli bildirişleri yzygiderli berýärler.

Ýurduň döwlet telewideniýesinde tomsuň iň yssy günleri bolan şu günlerinde howa maglumaty açyk aýdyň berilýär. Telewideniýede hatda käbir welaýatlarda 44-45 gradusyň bolmagyna garaşylýanlygy baradaky maglumatlar hem berlip dur.

Yssy howa şertleri paýtagtda suwuň akmagyna-da öz täsirini ýetirýär. Şu günler Aşgabatda suw juda pes akýar. Muny paýtagtlylaryň öz bähbitleri üçin suwy gereginden artyk ulanýanlygy bilen düşündirip bolar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG