Sepleriň elýeterliligi

“Ýewrowideniýe” Azerbaýjandaky adam hukuklary bilen baglanyşykly meseleleriň ýüzüniň perdesini syrar


(çepden saga) “Ýewrowideniýe—2011-iň” ýeňijileri Eldar Gazimow we Nigar Jamal Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew hem-de onuň aýaly Mähriban bilen.

(çepden saga) “Ýewrowideniýe—2011-iň” ýeňijileri Eldar Gazimow we Nigar Jamal Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew hem-de onuň aýaly Mähriban bilen.

Bakuda “Ýewrowideniýe” sazly bäsleşiginiň geçirilmegi bilen baglanyşykly çykdajylaryň aç-açanlygy baradaky meseleler ýüze çykdy. Ýerli aktiwistler Azerbaýjanda adam hukuklarynyň ýagdaýlary hakynda halkara jemgyýetçiligine habar bermek boýunça şüweleňe başlaýarlar.

“2012-nji ýylyň maýynda Azerbaýjanda “Ýewrowideniýe” bäsleşigi geçirilýär. Şoňa 60 müň töweregi myhmanyň gelmegine garaşylýar. Perspektiwada bu waka Azerbaýjanyň sosial, ykdysady we syýasy sistemasyna halkara derejesinde ünsi çekmäge wada berýär” diýip, “Ýewraziýanet” saýty ýazýar.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew iýulyň ortalarynda prezidentiň ätiýaçlyk gaznasyndan dünýädäki iň uly we beýik flagştokda pasyrdap duran baýdagyň ýanyndaky meýdançanyň töwereginde Bakuwyň täze sport-konsert kompleksiniň gurluşygy üçin alty million manat (7,6 million dollar töweregi) pul goýberdi diýip, “Ýewrowideniýe” aktiwistler üçin diňe aýdym bäsleşiginden has ýokary zat” diýen makalanyň awtory Şahin Abbasow “Ýewraziýanet” saýtynda ýazýar.

Stadion “Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň geçirilýän resmi ýeri diýlip yglan edilenok. Ýöne adynyň tutulmagyny islemedik emeldarlaryň biri hut şu kompleksiň myhmanlary kabul etjegine ynamynyň bardygyny “Ýewraziýanet” saýtyna aýdýar.

Şonuň ýaly-da, Bakuwyň bulwarynyň bir kilometrden gowrak uzaldylyp, onuň Döwlet Baýdagy adyndaky meýdança ýetirilmegine garaşylýar. Şol ýoluň ugrundaky ähli binalar, şonuň ýaly-da, iri gämi gurluşyk zawody hem ýykylmaly. “Zawod söküler we Bakuwyň çäginden daşaryk göçüriler” diýip, Sabail raýonynyň wekili Israfil Kerimow gürrüň berýär.

Emeldarlar gurluşyk planlarynyň gürrüňlerini höwes bilen edýärler, ýöne şäheriň abadanlaşdyrylyş işleri üçin çykdajylaryň gürrüňine ýetilende welin, oňa düşündiriş bermezligiň müň dürli bahanasyny tapýarlar. “Mende çykdajylar barada maglumat ýok” diýip, Israfil Kerimow aýdýar. Bu temany ara alyp maslahatlaşmagy Azerbaýjanyň birinji hanymy Mähriban Alyýewanyň penakärligindäki “Ýewrowideniýe” bäsleşigini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň agzalary-da isläp baranoklar.

Ykdysady meseleler boýunça ýerli ekspert, ykdysady bloggerleriň Jemgyýetiniň baştutany Natig Jafarly şeýle diýýär: “Azerbaýjanyň “Ýewrowideniýä” taýýarlyk görşünde nähilidir bir aç-açanlyga garaşmak ýöntemlik bolardy. Diňe “Ýewrowideniýe” geçirilenden soň hökümet çykdajylaryň möçberini yglan eder”.

Şol bir wagtyň özünde ýurtdaky adam hukugyny goraýjylar “Azatlygyň ýok ýurdunda azatlygyň aýdymlary” ady bilen habarlar şüweleňini goýberýärler. Şeýtmek bilen Azerbaýjana berilýän ünsden peýdalanmak islenilýär, syýasy tussaglar bilen baglanyşykly ýagdaýlara üns berdirilmek islenilýär, telewideniýedäki pikirleriň köpdürlüligine, adamlaryň emläklerine bolan hukuklaryna we wiza düzgünlerine kepilliklerine üns çekdirilmek islenilýär” diýip, şüweleňiň guramaçylarynyň biri Anar Mämmetli Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Ýene bir aktiwist Emin Guseýnow “Ýewrowideniýäniň” özleri üçin “Diňe bir aýdymlaryň bäsleşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem adam hukuklary we demokratiýa boýunça ýagdaýlary gowulandyrmak üçin taryhy mümkinçilikdigini” aýdýar.

“Azatlygyň ýok ýurdunda azatlygyň aýdymlary” şüweleňiniň guramaçylary adam hukuklary bilen baglanyşykly ýagdaýlar baradaky habarlary yzygiderli täzeläp durmak üçin azerbaýjan hem iňlis dillerinde “Ýewrowideniýe” websaýtyny döretmegi göz öňünde tutýarlar.
XS
SM
MD
LG