Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklaryny bozýanlar ABŞ-a goýberilmez


Polisiýa işgäri demonstranty kowalaýar, Minsk, 2010-njy ýylyň 19-njy dekabry.

Polisiýa işgäri demonstranty kowalaýar, Minsk, 2010-njy ýylyň 19-njy dekabry.

Prezident Barak Obama: “Birleşen Ştatlar adam hukuklaryny çynlakaý bozanlara howpsuz gaçybatalga döredilmezligini kepillendirer” diýip, penşenbe güni degişli resmi dokumente gol çekdi. Bu jarnama boýunça sistemalaýyn gazaply hereketlere, harby jenaýatlara we adam hukuklarynyň ýowuz bozulmagyna gatnaşan adamlara Birleşen Ştatlara barmaga ýol berilmez.

Ugrybir güýje girýän bu gadagançylyk Döwlet departamenti tarapyndan “Jenaýat işlerini ýa zorluklary ýola goýdy, olara gatnaşdy ýa bu işleri goldady” diýlip görkezilen adamlara garşy gönükdirilen.

Bu dokumente laýyklykda, adam hukuklaryny bozan bolmagy ahmal, ýöne Birleşen Ştatlarda bolmagy ýurduň daşary gatnaşyklar boýunça bähbidine zyýan ýetirmeýän adamlara ýurda gelmäge ýol goýulýar.

Döwlet departmentiniň sözçüsi Mark Toneriň aýtmagyna görä, bu pikirden maksat häzirki protokoly güýçlendirmek: “Bu şular ýaly adamlar barada sistemalaýyn çemeleşmäni ulanyp, bu adamlaryň Birleşen Ştatlara gelmeginiň öňüni almak üçin bir mehanizm döretmekden ybarat. Biz öten hepde hem Orsýet bilen baglanyşykly bu barada az-kem gürrüň edipdik. Biziň adam hukuklaryny bozanlykda günäli diýip pikir edýänligimiz üçin wiza berilmejek adamlar barada kompýuterde toplanan maglumatlarymyz öňdenem bar”.

Korrupsiýa garşy göreş alyp baran orsýetli adwokat Sergeý Magnitskiniň tussaghanada ölmegi bilen baglanyşykly ors resmileriniň birnäçesine wiza berilmegini gadagan edendigini Ak Tam Kongrese 26-njy iýulda bildirdi.

Obamanyň administrasiýasy 2009-njy ýylda geçen prezidentlik saýlawlaryndan soň Tähranda protestçilere edilen zulum-sütem sebäpli Eýranyň resmileriniň hem birnäçesi barada wiza gadagançylygyny girizdi. Ol bu işi öten dekabrda prezidentlik saýlawyndan soň demokratiýanyň tarapyny çalýan protestçilere zorlukly jogap berenligi üçin Belarus hökümeti barada hem etdi.

Ahlak jogapkärçiligi

Ak Tam penşenbe güni bu gadagançylyk bilen birlikde tutuş dünýäde bolýan aýylganç işleriň we genosidiň öňüni almak, bu işlere reaksiýa görkezmek barada bir planyň hem ýola goýlandygyny bildirdi. Beýannamada bu işleriň milli howpsuzlygyň bähbidine we Birleşen Ştatlaryň ahlak jogapkärçiligi üçin edilýänligi bellenilýär.

Rehimsizlik bilen edilýän aýylganç işleriň öňüni almak üçin dörediljek topar adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna Birleşen Ştatlaryň nähili gaýtawul bermelidigi barada iş alyp barar. Ol hökümetiň dürli gulluklary tarapyndan edilýän degişli tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň ýollaryny hem öwrener.

Beýannamada Birleşen Ştatlaryň bu ugurda giňişleýin syýasatynyň işlenip düzülmegine wagtyň bireýýäm gelip ýetenligi hem aýdylýar. Onda Holokostyň üstünden 66 ýyl, Ruanda gyrgynçylygynyň üstünden hem 17 ýyl geçendigine garamazdan, Birleşen Ştatlaryň şular ýaly syýasy strukturalarynyň ýokdugy bellenilýär.

“Siriýada adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagy bilen baglanyşykly dymdy” diýip, Obamanyň adminstrasiýasy soňky hepdelerde tankyt astyna alyndy. Administrasiýanyň Liwiýada NATO-nyň operasiýalaryny goldap, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad barada sanksiýalary artdyrmak bilen oňmagyny adam hukuklary boýunça aktiwistler tankytladylar.

Obamanyň adminstrasiýasy: “Bular iki sany aýry ýagdaýlar” diýýär. Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň ençemesi Ak Tamyň täze topar döretmek baradaky kararyny gutladylar.

“Ilkijni taryhy ädim”

“Täze amerikan fondunyň” ylmy işgäri Rebekka Hamilton aýylganç jenaýatlaryň öňüni almak boýunça toparyň döredilmegini “ilkijni taryhy ädim” diýip atlandyrdy: “Amerikan hökümeti aýylganç işleriň öňüni almak barada özüniň çemeleşişiniň sazlaşykly däldigine ilkinji gezek göz ýetirdi. Ol indi bu problemanyň çözgüdi üçin ilkinji ädimi ädýar”.

Ýöne, Hamiltonyň pikiriçe, mümkin bolan aýylganç işleriň öňüni almak üçin Waşingtonda güýçli syýasatyň bolmagy ýeterlik däl: “Biz yza seredip, uly surata giňişleýin göz aýlanymyzda, bir zady aýdyň görýäris: 21-nji asyrda Birleşen Ştatlaryň bir özüniň öz ilaty barada zorlukly syýasat alyp barýan haýsydyr bir diktatory togtadan mahaly gaty seýrek. Irgözinden herekete geçmek üçin amerikan hökümeti nähili köptaraplaýyn strukturalary döretmekçi? Sorag, ine, şunda”.

Ak Tamyň beýannamasynda aýdylmagyna görä, aýylganç jenaýatlaryň öňüni almak üçin durmuşa geçirilýän işleriň ýüküni öz ýaranlary bilen deň çekişmeli bolsa, onda Birleşen Ştatlaryň pozisiýasy amatly.
XS
SM
MD
LG