Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanalmaýan ussat


Haýsydyr bir gowy filme tomaşa edilende, ondaky rollary ýerine ýetiren aktýorlar uzak wagtlap tomaşaçynyň ýadynda galýar. “Pylan kinodaky pylanyň roly” diylip ýatlanýar. Ýöne, aýdaly, şol filmi goýan režissýory, ssenarisini ýazanlary känbir ýatlabermeýärler.

Bagşylara saz çalyp berýan sazandalar, gyjakçylar hakda-da şeýle pikirleri aýtmak mümkin, olaryň hyzmaty köplenç nazardan daşda galýar. Gürrüňim belli sazanda, meşhur bagşy Magtymguly Garlynyň gyjakçysy Sapar Beki hakda. Radioda berilýän bildirişlerde, biz ussat bagşynyň adyny yzygider eşitsek-de, “oňa sazandalyk edýän Sapar Beki” diýlip aýdylmaýar. Bu ýyl şol ussat sazandanyň doglan gününe 115 ýyl dolýar.

Sapar Beki ussat sazanda bolup ýaşap geçdi. Magtymguly Garly eli ýiti, sesi aşa çeküwli bagşydy. Onuň aýdymlarynyň içi dürli öwüşginlerden doludy. Beýle ussady gyjak bilen kowmak aýratyn ussatlygy talap edýärdi. Bu iňňän agyr işe diňe Sapar Beki hötde gelip bilipdir. Munuň daşyndan, ol ussatlar örän beýik adamlar bolup, il-güni hormatlap, halka hyzmat edip bilipdir. Ussat bagşynyň hem belli sazandanyň geçen asyryň ortalarynda Garagalpagystandaky türkmen obalaryna gelşini ýaşulular guwanç bilen ýatlaýarlar.

Bu barada ýerli il ýasulusy Sadylla Taganmyradow bilen gürrüňdeş boldum. Sadylla aga belli gyjakçy Sapar Beki hakda, onuň ogly Orazmuhammet hakda şeýle zatlary gürrüň berdi:

- Men Turkmenistan döwletine 1949-njy ýylda barypdym. Şol döwürden başlap, türkmen sungaty, türkmen edebiýaty bilen içgin gyzyklanyp geldim. Atly-atly bagşylar bilen duşuşdym, Magtymguly Garlyýew, onuň gyjakçysy Sapar Beki ýaly ynsanlar bilen tanyş boldum. Yz ýanyndanam Sapar Bekiniň ogly Orazmuhammet bilen tanyşdym. Onuň bilen bile okadym.

Sapar aga hakda aytjak bolsam, mende gürrüň gaty kän. Ol gaty ajaýyp ynsan, sungatyň hakyky eýesidi. Beýik ynsanlar hakda gürrüň etmek ýeňilem däl, ýöne eşideniňi, bileniňi aýtmagam zerur gerek. Magtymguly Garlynyň beýik gyjakçysy Sapar Beki gyjagy bilbil ýaly saýradýan adamlaryň biridi. Ogly Orazmuhammet onuň öňki aýalyndan bolup, ýaş eneden galypdy. Sazanda ony hemişe ýanyna alyp, gowy terbiýe beripdir. Orazmuhammet Saparow bilen uniwersitetde bir döwürde okadym. Ol taryhçy, men edebiyatçydym. Şol döwürden bäri gatnaşygymyz dowam edip gelýar. Soň ol şol uniwersitetde kafedra müdiri bolup işledi, taryh ylymlarynyň kandidaty boldy. Atasy Sapar Beki hakda ýatlamalar ýazdy, bu ýatlamalar okyjylar tarapyndan gowy garşylandy.

Magtymguly Garly bilen Sapar gyjakçy Garagalpagystanyň Dörtgül etrabynda ýaşaýan türkmenleriň toýlaryna ýygy-ýygydan gelýardiler. Biziň halkymyz olary gowy görýardi, aýdymlaryny höwes bilen diňleýärdi. Ýeri gelende aýtsam, şol ynsanlar hakda Türkmenistanda ýatlamalar, hatyrlamalar ýazylsa, olaryň ady ýatlanyp dursa gowy boljak. Sebäbi türkmen halky olara guwanmaga, olar bilen buýsanmaga doly hakly. Meniň pikirimçe, türkmen sungatyny ösdürmekde Sapar Bekiniň hyzmaty gaty uly bolmaly. Magtymguly Garlynyň meşhur bagşy bolup, külli türkmene tanalmagynda onuň uly hyzmaty bar diýip hasaplaýaryn.

Magtymguly Garly aradan çykansoň, Sapar Beki ýeke galdy. Egindeşinden aýrylan sazanda bagşynyň ussatlyk ýoluny dowam etdirdi. Beýleki birnäçe ýaş bagşylara sazandarlyk etdi, olaryň orta çykyp gitmegi üçin jan çekdi. Mysal üçin, garagalpagystanly tanymal bagşy Kulum Ilmetowa sazandarlyk edip, onuň Turkmenistanda-da tanalmagyna sebäp boldy. Ömrüniň galan bölegini saza-sungata bagyşlady.

Sapar Beki ýaly belli ynsanlaryň atlary ebedileşdirilse, olaryň atlary Türkmenistanda mynasyp ýerlere dakylsa, uly nesil uçinem, ýas nesil uçinem nusga bolardy.

Magtymguly Garly we Sapar Beki barada aýdylanlardan

Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarow:

– Magtymguly aga öz edýän işiniň, aýdym-sazyň öz ugrunyň ussadydy. Magtymguly agadan köp zatlary öwrendik. 38-nji ýylda bagşylaryň 1-nji slýoty – maslahaty boldy. Şonda Magtymguly aga halkymyzyň at gazanan artisti adyny berdiler. Magtymguly aga bagşylykdan başga-da, dili bal ýaly süýji adamdy. Magtymguly agany halklarymyzyň hemme ýerinde artykmaç gowy görerdiler, hatyrasyny gowy saklardylar. Biz öz içimizde-de Magtymguly agany gowy hatyralardyk. Ýaňky aýdylyşy ýaly, Saparam, bu gyjakçy diýilýänem bagşy diýilýäniň ýary boldugy.

Taryh ylymlarynyň doktory Orazmuhammet Saparow:

– Magtymguly aga ýaşka bäş sany bagşydan, olaryň ýanynda gije-gündiz bolup, tälim alypdyr. Soň Kaka etrabyndan Hywa baryp, meniň kakam bilen sataşypdyr. Ondan hem hywa bagşylarynyň heňlerini öwrenipdir. Ýöne Magtymguly aga öwrenýän heňlerini şol durşuna alaýman, olary öz döredijilik laboratoriýasyndan geçiripdir, olary özşçe işläpdir, timarlapdyr, çeperçilik taýdan täze derejä galdyrypdyr. “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýip, köneler örän jaý aýdypdyrlar. Ynha, “Algaç”, “Yňdarma” ýaly aýdymlar daşoguzly Nazar Baganyň heňleri. Bu aýdymlary şoňa meňzedip, bagşy Baýry Baýramow aýdýar. Emma Magtymguly aganyň bu aýdymlary aýdyşy has tapawutlydyr.

Ony kakamdan başga gyjakçylar onuň öz göwnündäki ýaly edip kowup bilmezdiler. Kä wagtlar bir sebäp bilen kakam bolmadyk wagty toýlarda onuň ýanynda Berdibaý gyjakçy, Pirnazar gyjakçy, Oraz gyjakçy dagy saz çalardy. Emma bulardan onuň özem, diňleýän märeke-de kanagatlanmazdy. Adamlar: “Aý, Sapar gyjakçy bolmasa, bagşynyňky boljak däl eken-ow” diýşerdiler.

Bagşa düşünýän adamlar sazyň aýdymda nähili rolunyň bardygyny gowy bilýärler. Saz bagşa edil guşa ganatlarynyň hyzmat edişi ýaly hyzmat etmelidir. Bir gezek Türkmen döwlet filormoniýasyna baranymda, komandirowaka iberiljek brigadanyň konsert programmasyny gözden geçirip oturan ekenler. Şonda haýsydyr bir bagşynyň gyjakçysyna uly halypa Sahy Jepbarow: “Inim, bagşy aşakdan tutup gygyranda gyjakdan bir ses isleýär. Eger bagşynyň şol garaşýan sesi bolman, gyjakdan başga bir ses çykaýsa, bagşynyň böwründen edil pyçak urlan ýaly bolýar. Şonuň üçin perdäni ediljek laýyk ýerinden basmaly” diýip, maslahat berip oturanyna gabat geldim. Şonda oturanlaryň hemmesi muny makullaýardy. Soň ol öz merhum gyjakçysy Çary Gurbanowy ýatlap, “men-ä Çary ýaly, Magtymguly halypanam Sapar ýaly kowan gyjakçy bolan däldir” diýdi.

Saz sungaty örän inçe bolýar. Her sazandanyň özüne mahsus perde basyş we kirişden ses alyş aýratynlygy bar. Şonuň üçin bagşy kowýan sazandadyr gyjakçy diňe bir bagşynyň basýan perdelerini yzarlamak bilen durman, eýsem onuň sesini we sazyny bezemelidir, timarlamalydyr. Onuň sesini basman, onuň içine siňip, onuň owazlylygyna hem-de şirinligine ýardam bermelidir. Bularyň hem üstesine sazandadyr gyjakçy aýdymyň içini gözel we nepis nagyşlar bilen bezemelidir. Ine, bular bagşy kowýan sazandany saýlaýan zatlardyr. Şeýle bolansoň, ussat bagşylar sazandadan örän talapedijilikli bolýarlar. Şonuň üçin olara ýiti we çeper sazandalar ýoldaş bolup bilýär. Magtymguly aganyň tüýs ýüreginden turany üçin bolsa gerek, 20-nji ýyllardan başlap, ýagny ol Hywa baranyndan, 5-6 aýdan soň tä ömrüniň ahyryna çenli meniň kakam onuň bilen ýoldaş boldy, oňa sazandalyk etdi.

Jeýhun Türkmen garagalpagystanly žurnalist.
XS
SM
MD
LG