Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internetiň ösüşi onuň tizligi ýaly


5-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ulaglar we aragatnaşyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer N.Şagulyýewe ýurtda öýjükli aragatnaşyk we internet ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Her hepdäniň anna güni geçirilýän hökümet maslahatynda döwlet baştutany internetiň kämilleşdirilmegi babatda durup geçýär. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda internetiň ýagdaýy gaty ýabygorly.

Eger ýurtdaky interneti başga döwletleriňki bilen deňeşdirmeli bolsa, onda ol sagatda 5 kilometr ýol geçýän ynsanyň tizligi bilen sekuntda 5 kilometr ýol aşýan raketa mysalydyr.

Bu deňeşdirme çenden çykma däldir. Ýönekeý mysal. 3G ulgamyndaky internet diýilýän “Altyn asyryň” internetiniň tizligi sekuntda zordan 20-25 kb-e ýetýär. Ýurduň çet raýonlarynda UMTS enjamlarynyň oturdylmadyk ýerlerinde internet mümkinçiligi asla ýok.

Beýleki internet prowaýder “Türkmentelekomyň” internetiniň tizligi “Altyn asyryňkydan” hem ýaramaz.

Mälim bolşy ýaly, Berdimuhamedow döwlet başyna gelensoň, ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan “gulp astynda” saklanan internete erkinlik berildi. Häzirki wagtda islendik raýatyň internete birikmäge mümkinçiligi bar. Munuň üçin “Altyn asyryň” sim kartyny baryp satyn alaýmaly.

Ýöne internete erkinlik berilse-de, ýurtda internetiň giňden ýaýramagyna ýürekden ýapyşylýanyna ynanasyň gelenok. Döwlet edaralarynda, ministrliklerde her bir işgär üçin internet ýok. Welaýat, etrap häkimliklerinde bolsa internet asla ýok.

Döwlet edaralarynda internetiň her bir işgär üçin elýeterli bolmazlygynyň sebäpleri nämede? Ilkinji nobatda döwlet tarapyndan ministrliklere, edaralara hut internetiň çykdajysy üçin bellenilen tertipde pul serişdeleriniň goýberilmeýänligindedir.

Ministrlikleriň, edaralaryň köpüsinde internete birikdirilen kompýuterleriň sany 3-4-den aňry geçmeýär. Ol internet hyzmatynyň çykdajysy hem ministrligiň öz hasabyna amala aşyrylýar. Şu sebäpdenem ministrliklerdir edaralardaky internet berk gözegçilikde saklanýar. Çünki gözegçiliksiz internetiň edaranyň gaznasyny çökerjekdigi öz-özünden düşnükli.

Sekuntda 4-5 kb

Türkmenistanda internet hyzmatlary juda gymmat. Sekuntda zordan 4-5 kb tizlikde işleýän “Türkmentelekomyň” internetiniň bir sagadynyň bahasy 1 manat 20 teňňe. Üstesine-de, aýyna 12 manat abonent tölegi hem bar.

“Türkmentelekomyň” ADSL internetiniň tizligi gowy bolsa-da, onuň nyrhy juda çökder. Bary-ýogy 2 GB paket üçin 100 manat möçberde pul tölemeli.

“Altyn asyryň” internetiniň 1 GB paketi 70 manat. Ýöne onuň üçin ýa-ha 3G telefonlary gerek ýa-da aýratyn bir fleş-modemler zerur.

Käbir edaralarda “Türkmentelekomyň” ADSL internetiniň paketleri satyn alnyp, ol edaranyň kompýuter administratory tarapyndan beýleki işgärlere bellenen limitde trafik edilýär. Ýöne bu hem çykalga däl. Işgär internetden geregiçe peýdalanyp bilmeýär. Oňa berilýän gündelik limit ýoňsuzja.

Käbir döwlet edaralarynda bolsa internet asla ýok. Bu ýagdaýyň sebäbi şol edaranyň ýolbaşçysynyň ösüp barýan tehnologiýadan, kompýuterden asla baş çykarmaýanlygyndandyr. Şeýle ýolbaşçylar öz edarasynda internetiň bolmagy barada alada etmelidir hem öýtmeýärler.

Ýurduň ýolbaşçy wezipesinde işleýänleriň kompýuterden sowatly bolmalydygy hakynda şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berdimuhamedow aýratyn aýdypdy. Prezidentiň şol mejlisde beren tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň ikinji çärýeginden başlap, ýurduň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, orunbasarlary üçin ýörite kompýuter sowatlylygy boýunça tölegli kurslar öz işine başlapdy.

Emma bu kurslar geldi-geçer bir zat boldy. Kompýuteri açyp-ýapmany hem öwrenip bilmedik ýolbaşçylar kurslary bäşlik bahalar bilen tamamlap, degişli sertifikatlary aldylar. Ine, şeýle ýagdaýlar hem ýurtda internetiň ösmeginde öňe gidişligiň bolmazlygyna öz täsirini ýetirýär.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG