Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň şaýy ruhanysy amerikan güýçlerine duýduryş berdi


Ýekşenbe güni Yragyň tanymal şaýy ruhanysy Moktada al-Sadr amerikan güýçleriniň, planlaşdyrylyşy ýaly, 31-nji dekabra çenli bu ýurtdan çykmadyk halatynda, olara garşy “harby usullar” arkaly çäre görüljekdigini aýdyp, duýduryş berdi.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepde Yragyň käbir hökümet resmileri ýurduň öz harbylaryna tälim bermek maksady bilen Birleşen Ştatlaryň käbir güýçlerini Yrakda möhletinden has uzagrak saklap galmak barada gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny mälim edipdiler.

2008-nji ýylda Birleşen Ştatlar bilen Yragyň arasynda baglaşylan ylalaşyga görä, Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky 47 müňe golaý harbysy şu ýylyň ahyryna çenli bu ýurdy terk etmeli.
XS
SM
MD
LG