Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany Siriýadaky ilçisini yzyna çagyrdy


Ýekşenbe güni Saud Arabystanynyň hökümeti Siriýadaky protestçilere garşy görülýän gazaply çärelere protest hökmünde özüniň Siriýadaky ilçisini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.

Döwlet telewideniýesinde bu barada eden beýanatynda Saud Arabystanynyň şasy Abdulla Siriýadaky wakalary “ylalaşyp bolmajak wakalar” diýip atlandyrdy.

Edil bu wakanyň öňýany Arap Ligasy hem ilkinji gezek Siriýadaky bu soňky wakalary ýazgaryjy resmi beýanat kabul etdi.

Ýekşenbe güni Siriýadaky ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler diňe düýnüň özünde hökümet güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde ýurduň Deýr al-Zur hem-de Hama şäherlerinde azyndan 59 adamyň öldürilendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG