Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýa boýunça sabyr käsesiniň dolandygyny aýdýar


Ýekşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Siriýadaky demonstrasiýaçylara garşy bu ýurduň hökümetiniň ulanýan gazaply çäreleri bilen baglanyşykly Türkiýäniň sabyr käsesiniň dolandygyny aýdyp çykyş etdi.

Ol bu wakalar bilen baglanyşykly Türkiýäniň nägilelegini mälim etmek üçin ýurduň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglunyň şu hepdäniň sişenbe güni Siriýa sapar etjekdigini aýtdy.

Öz çykyşynda Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň mundan beýläk Siriýadaky bu gazaply wakalara tomaşa edip oturyp bilmejekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG