Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak ýuristi türme tussaglygyna höküm edildi


Duşenbe güni Gazagystandaky protest bildiriji nebitçileriň ýuristi Natalýa Sokolowa «sosial bulagaýçylyga meçew bermekde» aýyplanylyp, 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Mundan daşary, Gazagystanyň sudy Natalýa Sokolowa azatlyga çykandan soň hem, oňa başky üç ýylyň dowamynda kanunçylyk we sosial işler bilen meşgullanmaklygy gadagan ediji karar çykardy.

Ýurist Natalýa Sokolowa şu ýylyň maý aýynda ýurduň Mangystau regionynda «Karažanbas» nebit ýatagynyň işgärleriniň öz aýlyk haklaryna nägilelik bildirip, protest aksiýasyna başlamaklarynyň yzýany tussag edildi.

Ol nebitçileriň hukuklaryny gorap, ýuridiki iş alyp barýardy. Şol protest çykyşlarynyň başlanaly bäri bu gürrüňi edilýän nebit ýatagynyň işgärlerinden 400-den gowragy öz işinden boşadyldy.
XS
SM
MD
LG