Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň eteginde 200 protestçi ýoly baglady


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň eteginde 200 töweregi protestçi uly transport ýoluny baglady.

Paýtagtyň etegindäki Ak-Jar atly ilatly punktyň ýaşaýjylaryndan ybarat bu protestçiler öz ýaşaýan ýerlerinde özleriniň kanuny esasda hasaba alynmaklaryny hem-de infrastruktura ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyny häkimiýetlerden talap etdiler.

Suw, elektrik togy we kanalizasiýa bilen üpjün edilmedik bu ilatly punktda köp adamlar resmi taýdan registrasiýa edilmedik ýagdaýda indi birnäçe ýyl bäri ýaşap gelýärler.
XS
SM
MD
LG