Sepleriň elýeterliligi

Kameron dynç alşyny bes edip, işine dolandy


Duşenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Londonda üçülenji gün dowam edýän bulagaýçylyklar bilen baglanyşykly gyssagly maslahat geçirmek üçin öz dynç alşyny bes edip, işine dolandy.

Duşenbe güni ýene-de nobatdaky gezek bulagaýçy ýaşlaryň birnäçe topary Londonyň aýry-aýry üç sany kwartalynda bulagaýçylyklary döretdiler.

Köçä çykan ýaşlaryň bir topary dükanlaryň aýnalaryny döwüp, harytlary taladylar, emläkleri oda ýakdylar we polisiýa işgärlerine garşy daş zyňyp, hüjüm etdiler.

Soňky üç günüň dowamynda Londonyň polisiýasy bulagaýçylyklar bilen baglanyşykly 160-dan gowrak adamy tussag etdi. Bu wakalaryň başy geçen hepdäniň ahyrynda polisiýanyň bir 29 ýaşly erkek kişini atyp öldürmeginiň yzy bilen başlanypdy.
XS
SM
MD
LG